Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýoşihiko Noda Ýaponiýanyň premýer-ministri boldy


Sişenbe güni Ýaponiýanyň premýer-ministri Naoto Kanyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wezipesinden doly çekildi.

Parlament ýurdy dolandyrýan demokratik partiýanyň täze lideri Ýoşihiko Nodany premýer-ministriň wezipesine tassyklady. Ol soňky bäş ýylyň içindäki Ýaponiýanyň 6-njy premýer-ministri boldy.

Awgust aýynyň başynda Naoto Kan parlament iki kanunyň taslamasyny tassyklandan soň wezipesinden çekiljekdigini aýdypdy. Geçen hepdäniň ahyrynda olaryň ikisi hem tassyklandy.

Duşenbe güni demokratik partiýa maliýe ministri Ýoşihiko Nodany täze lideri edip saýlady.
XS
SM
MD
LG