Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çilim gytçylygy


Türkmenistanda iýul aýynyň başyndaky çilim gytçylygy dowam edýär. Çilim gyt haryda öwrüldi. Şäheriň dükanlaryny çilim bilen üpjün edýän lomaý söwda bazaryndaky çilim satýan söwda nokatlarynda hem bu haryt ýok. Aşgabadyň dükanlarynda hem çilim ýitip barýar. Çilimiň assortimenti hem 3-4 sany görnüş bilen çäklendirildi. Çilimleriň bahasy iýulda öňki bahalardan 5-6 esse ýokary galdy. Häzir 15 manatdan arzan çilim tapyp bolmaýar.

Çilim bilen bagly häzirki ýagdaý barada aşgabatly telekeçi Nurmyrat şeýle diýdi:

—Häzirki dörän ýagdaýda diňe temmäki önümleriniň ýurda goýberilmän, gümrükhanada saklanýandygy sebäpli, çilim gytçylygy dörändigi düşnükli. Emma temmäki önümleriniň näme üçin goýberilmeýändigi hem-de onuň sebäpleri bolsa düşnüksiz. Ýöne bu gytçylygyň ilatyň saglygyny goramak maksady bilen döredilmändigine men ynanýaryn. Sebäbi, çilim söwdasy uly girdejili biznes. Uly puluň bar ýerinde bolsa ilatyň saglygy barada alada edilmeýär. Şu biznesi eýelemek üçinem şu gytçylyk döredilen bolmaly. Bärde uly oýun gidýär. Meniň pikirimçe, ýakyn wagtda çilim söwdasynyň öňki eýeleri çalşylandan soň ýene-de çilim söwdasy kadalaşar.

1-nji awgustda çilim gytçylygy aýrylar hem-de çilimiň bahasy kadalaşar diýen çaklamalara esasalanan çilimkeşleriň hem-de çilim satýan söwdagärleriň umytlary puç boldy. Häzir çilimkeşleriň arasynda 1-nji sentýabrda çilim gytçylygy aýrylar diýen pikir bar. Ýöne, käbir söwdagärleriň aýtmagyna görä, 1-nji sentýabrda hem çilim bilen bagly mesele kadalaşmaz. Gaýtam, ýakyn wagtda ýurtda çilim söwdasynyň doly gadagan edilmeginiň ähtimaldygyny olar aýdýarlar.

Çilim gytçylygy barada dürli çaklamalar hem-de gürrüňler ilat arasynda az däl. Bu meseläniň müňlerçe adamlara öz täsirini ýetirýändigine garamazdan, resmiler emele gelen ýagdaýyň sebäpleri barada hiç hili maglumat bermeýärler.

Çilim gytçylygy hem-de onuň bahasynyň ýokary galmagy çilimkeşleri temmäkä bolan mätäçliklerini kanagatlandyrmak üçin dürli usullary gözlemäge mejbur etdi. Türkmenistanly çilimkeşler özleri üçin ekzotika bolan temmäki çekmek usullaryny özleşdirýärler. Düşewündi az bolan çilimkeşler irki döwürlerdäki ýaly, mahorkany (temmäkini) kagyza dolap çekýärler. 200 gramlyk stakany 2 manatdan mahorka (temmäki) diýip satylýan bazarlardaky harydyň düzüminde her hili goşundylaryň bardygy barada gürrüňler bar. Käbirleri bu mahorka opilka goşulýar diýýän bolsa, beýlekiler atymlyk çaý hem goşulýar diýip aýdýarlar.

Adaty atymlyk çaýy, derman otlarynyň käbirlerini kagyza dolap çekýänler-de bar. Sebäbi, mahorka hem häzir gyt. Mahorka ogrynça satylýar.

Gündogar çilimkeşligi bilen assosirlenýän ilat arasynda suw çilimi diýlip atlandyrylýan kalýanlar hem häzir ýörgünli. Aşgabadyň lomaý söwda bazaryndaky dükanlaryň ençemesiniň assortimentleriniň üsti bu ekzotik haryt bilen ýetirilipdir. Kalýan türkmen bazarlarynda we dükanlarynda öň hem bardy. Emma iýul aýynyň çilim gytçylygyndan soň bu predmet türkmenistanly çilimkeşler üçin ekzotika bolman, eýsem zerurlyga öwrülip barýar. Emma kalýan hemme çilimkeşler üçin elýeterli däl. Kalýanlaryň bahasy hili we görnüşi boýunça 30 manatdan tä 100 manada çenli ýetýär.

Kiçi kalýan diýlip atlandyrylýan, göwrümi kiçiräk kalýan ýaşlaryň arasynda has-da meşhur. Üýşüp kalýan çekip oturan ýaşlara köpgatly jaýlaryň podýezdlerinde, üçeklerinde duşmak bolýar. Kalýan çekmek üçin ýörite temmäki, kömür we folga kagyzy gerek. Kalýan üçin bu aksessuarlaryň baý assortimentiniň bardygyna garamazdan, köp çilimkeşler üçin olaryň bahasy gymmat bolýar. Şonuň üçin, 3-4 adam bolup, pul goşup kalýan çekýänler az däl.

Iňlis jentlmeniniň obrazy bilen baglanyşdyrylýan temmäki trubkalary ýa-da şybyklar defisit haryt bolup galýar. Emma, sanlyja dükanlarda şybyklar bar. Hytaýda öndürilen bu şybyklaryň bahasy 50 manatdan tä 80 manada çenli ýetýär. Ýöne, şybyk üçin ýörite temmäkiler ýok. Şonuň üçin şybyk mahorka bilen doldurylyp çekilýär.

Çilimi taşlajak bolýan çilimkeşler üçin ýörite serişdeler ýok. Çilimkeşleriň araga geçenleri hem bar. Emma ýurtda aragyň hem gadagan edilmeginiň ähtimaldygy barada gürrüňler köpelýär.

Myrat Gurbanow Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG