Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Migrasiýa gullugynyň başlygyny çalşdyrdy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet migrasiýa gullugunyň başlygy Begliýewiň başga wezipä geçýändigi sebäpli, bu wezipä Milli howpsuzlyk ministriniň orunbasary Baýramowy belledi. Bu barada ýurduň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky maslahatynda yglan edildi.

Sişenbe güni geçirilen maslahatda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň düzümine girýän ministrler we beýleki ýokary derejeli resmiler öz dolandyrýan pudaklarynda edilen işler barada hasabat bilen çykyş etdiler.

Maslahatyň barşynda Berdimuhamedow Özbegistandan satyn alnan awtoulag tehnikalaryny harby we hukuk goraýjy edaralaryň arasynda paýlamak baradaky resminama hem gol goýdy.
XS
SM
MD
LG