Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Toý tutmak meselesine döwlet derejesinde garaldy


Ogul öýermek ýa gyz çykarmak Türkmenistanda her bir maşgala üçin uly waka. Emma bu köp maşgalalar üçin maddy synag hem bolýar.
Ogul öýermek ýa gyz çykarmak Türkmenistanda her bir maşgala üçin uly waka. Emma bu köp maşgalalar üçin maddy synag hem bolýar.
Türkmenistanda maşgala gurmak isleýänleriň toý aladalaryna we ýaş maşgalalaryň durmuş şertlerine döwlet derejesinde garaldy. Geçen hepde geçiren hökümet maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş maşgalalara ýeňilleşdirilen kredit bermek meselesini öwrenmek inisiatiwasy bilen çykyş etdi.

Resmi maglumatlara görä, hökümet maslahatynda prezidentiň öňe süren çäreleriniň biri ýaş çatynjalara zerur bolan zatlary satyn almak üçin ýeňilleşdirilen kredit bermek meselesine degişli. Beýlekisi bolsa olara jaý gurmak ýa satyn almak üçin nobatsyz ýeňilleşdirilen kredit mümkinçiligini döretmek meselesinden ybarat.

Türkmenistanyň prezidenti toý guramaçylygy bilen meşgullanmak üçin ýaş çatynjalaryň ene-atalary üçin zähmet haky tölenýän iş rugsadyny bermek çäresiniň-de ýerlikli boljagyny belledi. Täze düzgünleriň işlenip düzülmegine bir hepde möhlet berildi. Berdimuhamedow agzan çäreleriniň kanun esasynda kepillendirilmeginiň mümkindigini hem belledi.

Resmi maglumata görä, maslahatda Berdimuhamedow toý tutmak meselesine türkmenleriň örän jogapkärçilikli çemeleşýänligini belläp, hökümet agzalaryna milli däp-dessurlar barada jikme-jik gürrüň berdi. Döwlet baştutany bu barada jikme-jik gürrüň etmeginiň sebänini, ýurtda geçiriljek toý dabaralarynyň milli däp-dessurlar we “Galkynyş eýýamynyň” talaplary esasynda geçirilmeginiň zerurulygy bilen düşündirdi.

Toý tutmak

Ogul öýermek ýa gyz çykarmak Türkmenistanda her bir maşgala üçin uly waka. Emma bu köp maşgalalar üçin maddy synag hem bolýar. Toý çykdajylary, adatça, ene-atalaryň gerdenine düşýär.

Türkmenistanly žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew toý tutmagyň çykdajylary barada şeýle gürrüň berdi: “Türkmenistanda ogul öýermek ortaça maşgalalara 8-10 müň dollara düşýär. Onuňam 2,5 müň dollary toý geçirmegiň harajady. Bu oba ýerleriniň gürrüňi. Şäherlerde bolsa diňe toý çykdajylarynyň özi azyndan 3-4 müň dollara ýetýär. Soňky döwürde özüni oňarýan maşgalalar bergä batybam, restoranda toý edýärler”.

Ýazgulyýewiň sözlerine görä, ogul öýerýänler, ortahal gurpdaky maşgalalar gor toplaýarlar. Ýokdan bar edip, pul toplaýarlar hem-de karz alýarlar. Şol bir wagtda-da, toý tutmak üçin bir gijede 30-40 müň dollarlyk çykdajy etmäge gurby çatýan maşgalalaryň hem bardygy aýdylýar. Bu maşgalalar esasan jemgyýetiň biznes bilen meşgullanýan gatlagyna degişli.

Toý üçin pul toplamakda ýaşlar hem öz goşandyny goşýarlar. Ýaşlaryň arasynda zähmet çekmäge we gazanç etmäge uly höwes bar.

Soňky döwürde mekdebi gutaryp, wagtlaýyn esasda gurluşykda işläp, gazanç edýän ýaşlaryň sanynyň köpelendigi barada Azatlyk Radiosyna maglumatlar gowuşýar. Olaryň ortaça aýlyklarynyň 150-200 dollara ýetýänligi we munuň bolsa ýaşlara 50-60 dollar möçberde pul artdyrmaga mümkinçilik berýänligi aýdylýar.

Jaý gurmak

Jaý satyn almak ýa gurmak üçin kredit dürli ykdysadyýetli ýurtlarda ilat köpçüligi üçin esasy mümkinçilikdir. Berdimuhamedowyň hökümet maslahatynda kredit barada öňe süren inisiatiwasy resmi suratda düzgünleşdirilse, ýaş maşgalalar ýeňilleşdirilen kredit almak mümkinçiligine eýe bolup bilerler.

Ýurduň banklary tarapyndan berilýän ýeňilleşdirilen krediti almak üçin şu günki güne çenli islendik adam banka özüniň işleýänligini tassyklaýjy resmi kagyz tabşyrmaly. Üstesine, kredit alýan adamyň bankyň öňündäki borçlaryny ýerine ýetirjegini ýene iki sany işleýän adam hem kepillendirmeli. Adatça, 1,400 dollar möçberinde berilýän bu ýeňilleşdirilen kredit üçin banka ýylda 16-18% renta tölemeli.

Kredit berlen ýagdaýynda-da, oba ýaşaýjylarynyň öňünde jaý gurmak üçin mellek edinmek problemasy hem bar. Edil şu wagt oba ýerlerinde mellek berlenok. Beýleki tarapdan bolsa, alnan karzy üzmek üçin karz alýanyň işi bolmaly. Türkmenistanda bolsa ýaş juwanlaryň aglabasy işsiz diýip, ýerli çeşmeler aýdýarlar.

Jaý-ýer ýetmezçiliginiň, işsizlik problemasynyň şäherlerde-de, oba ýerlerinde-de çözülmän galýanlygy we şeýle meselelere döwlet derejesinde uly we çynlakaý üns berilmegine zerurlygyň gitdigiçe artýanlygy Azatlyk Radiosyna diňleýjilerden gowuşýan maglumatlarda yzygiderli nygtalýar.
XS
SM
MD
LG