Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

RFE/RL-niň prezidenti azeri žurnalistiniň Eýrana kowulmagyny “jenaýatçylyk” diýip atlandyrdy


Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň prezidenti Stiwen Korn Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugynyň korrespondenti Ýafez Hasanowyň Azerbaýjandan Eýrana kowulmagyny “jenaýatçylyk” diýip atlandyrdy.

Şu waka bilen bagly Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugynyň Bakuwdaky resmileri Azerbaýjanyň adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili Elmire Süleýmanowa hat ýollap, bu wakany derňemegi soradylar.

Žurnalist Ýafez Hasanow Naheçewanda Turaç Zeýnalowyň işi boýunça material ýygnaýardy. Turaç Zeýnalow Eýranyň peýdasyna içalyçylyk etmekde aýyplanyp, soraga çagyrylandandan soň, onuň jesedi Milli howpsuzlyk ministrliginiň territoriýasynda tapylypdy.

31-nji awgustda üç näbelli adam žurnalisti Ýafez Hasanowy Naheçewanda tutup, Eýranyň serhedine getiripdir we Bakuwa Eýranyň üsti bilen gelmäge görkezme beripdir. Ol häzir Eýranyň üsti bilen Bakuwa dolanyp bardy.
XS
SM
MD
LG