Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çilim çäklendirmeleri


Karikaturany çeken Raşid Şerif
Karikaturany çeken Raşid Şerif

Onuň bir ujy çilimkeşlere has zarply degse, beýleki ujy çilim çekmeýänleri-de, aýallary-da, çagalary-da awundyrdy.


Şu günler Türkmenistanda iki adamyň başy çatylsa, soňy çilimli gürrüňe syrygýar. Çilim Türkmenistanda ullakan problema öwrüldi. Dükanlarda çilim seýrekledi, bar ýerinde-de juda gymmat. Çilimiň bir gutusynyň iň pes bahasy 18-20 manat. Gutusy bilen alyp bilmeýänler onuň bir dänesini bir manada satyn alýarlar.

Adamlar çilimiň bahasynyň keýigiň şahyna çykmagynyň, Türkmenistanyň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň (BSG) “Temmäkä garşy göreşmegiň” çarçuwaly Konwensiýasyna goşulmagyndan dörändigini bilenoklar. Sebäbi bu zatlar köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde halka düşündirilmedi. Ýöne halka çilim gytçylygy hakdaky hakykaty düşündirmek gerekdi, şeýle hem ýurduň şeýle konwensiýa goşulmagynyň dogrumy-dogry däldigi hakda halk bilen pikir alyşmalar guralmalydy. Bu zatlar bolmady. Şonuň üçinem ýurtda dörän çilim gytçylygy meselesi halk üçin garaňky bolup galdy.

Çilimiň ýakyn wagtdaky taryhyndan

SSSR döwründe çilim arakdan soň iň girdejili pudak hasaplanylýardy. Çilimiň bahasy-da oňuşmazça däldi. 10 köpük bilen 40 köpük aralygyndady. Çilim kän çekilerdi. Jemgyýetçilik ýerlerinde, edaradyr kärhanalarda — garaz, çilim çekilmeýän ýer ýokdy. Çilimiň tüssesiniň derdindan kabinetlerde gözüňi açar ýaly däldi. Muny köpçülik bolmaly zat hökmünde kabul edýärdi. Ýogsa temmäki tüssesiniň çilim çekýäne-de, çekmeýäne-de zyýanynyň köpdügini bilmeýän ýokdy.

Şeýle ýagdaý garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda-da dowam etdi. Ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň özi ölemen çilimkeşdi. Nyýazow kesel tapynyp, saglygyny bejertdi. Wraçlar oňa çilim çekmegi taşlamagy maslahat berdiler. Prezident çilimini goýdy. Şunuň yzysüre ýurtda çilimiň garşysyna göreş kampaniýasy başlandy. Prezident Nyýazow ýörite permanam çykardy. Jemgyýetçilik ýerlerinde, köpçüligiň üýşen ýerinde, edara-kärhanalarda çilim çekmek gadagan edildi. Ýöne çilimiň bahasy öňküligine galdy. Çäklendirmeler azda-kände peýda berdi. Jemgyýetçilik ýerlerinde, iş ýerlerinde çilim çekmek düýbünden diýen ýaly togtady. Adamlar çilim çekmegi üzül-kesil azaltmasalar-da, garaz, çäklendirmeleriň täsiri duýuldy.

Ýönekeý çopan hasaby

Häzir çilimiň iň arzan bahasy 18-20 manat. Aşa çilimkeş günüň dowamynda 1-2 guty çilim çekýär. Hatda 3-4 guty çekýänem bar. Çilimkeş ortaça 2 guty çilim çekýän bolsa, bir günde onuň bahasy 40 manat bolýar. Kyrky 30-a köpeldip göreliň, bir aýda 1200 manat bolýar. Goly ýuka maşgalanyň iki aýlyk býujeti. Türkmenistanyň býujet işgärleriniň agramly böleginiň aýlyk haky 600 manatdan geçip baranok.

Garaýyşlar, pikirler

Türkmenistanda çilim gahatçylygy, çilim gymmatçylygy bilen dürli garaýyşlar, dürli pikirler bar. “Bäş sany çagam bar, adamymyň bir özi işleýär. Ozalam elimiz uzadan ýerimize ýetip baranokdy. Çilim gymmatlaly bäri günümiz has kynaldy. Adamyma: “Çilimiňi goýaý” diýsem, ol: “Çörek iýmämi goýaryn, ýöne çilimimi goýup bilmerin” diýýär. Çagalar ýaman horlanýar. Maşgalada agzalalyk, oňşuksyzlyklar köpelip başlady” diýip, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, öý hojaplykçy aýal nalanýar.

“Çilimiň garşysyna döwlet derejesinde göreşilmegi gowy zat. Onuň ynsan saglygyna nähili zyýanynyň bardygyny köpler bilýär. Häzir çilim gymmatçylygy zerarly, çilimi kyrk ýyl bäri çekip ýörenleriň arasynda-da çilim çekmegi şarta goýýanlar bar. Ýöne çilim ýuwaş-ýuwaşdan goýulsa ýagşy. Ýogsa, saglyga zeper ýeter. Elektron çilim çykypdyr. Şony çekýänlerem bar. Munuňam entäk adamyň saglygyna näderejede zyýanlydygy ýa-da zyýansyzdygy heniz ylmy taýdan anyklanalynanok. Elbetde, çilim çäklendirmeleriniň gowy taraplary bilen birlikde, ýaramaz taraplary-da bar. Şonuň üçinem bu meselä oýlanyşykly çemeleşmeli. Ölemen çilimkeşleriň kösenmezlikleri, saglyklaryna zeper ýetmezi üçin çäre görmek gerek. Mysal üçin, 30-40 ýyl bäri çilim çekip ýörenler ýörite hasaba alnyp, olara resept boýunça dermanhanalarda arzan bahadan çilim satyp bolardy. Umuman, gözlesen, başga-da ýol kän” diýip, lukmanlaryň biri öz pikirini beýan edýär.

“Otuz bäş ýyl bäri çilim çekýän. Goýup bilerin öýdemok. Çilim arakdan gymmat boldy. Ozalkydan azrak çekýän. Esasan, mahorka ýatdym. Bazarlarda paketjikde mahorka satylýar. Ogryn-dogryn, garaz, satylýar. Bahasy 2 manat, oňuşmazça däl. Şu baha durýan paketiň içindäkisi uzaga-da ýetýär. Saglyk üçin mahorkanyň zyýanynyň has kän bolmagy mümkin” diýip, çilimkeşleriň biri aýdýar.

Çäklendirmeler peýdalymy ýa zyýanly?

Ýaşuly nesliň Mihail Gorbaçýowyň perestroýka döwründäki çäklendirmelerden habary bardyr. Munuň peýdasyndan zyýany köp boldy. Adamlar samogon gaýnadyp başlady. Hatda ahyry, ondan beter elhenç zatlary içenlerem tapyldy. Şol sebäpli saglygyny ýitirenler, ölenler boldy. Ýurduň ykdysadyýetine-de zyýan ýetdi. Üzüm plantasiýalary ýok edildi. Samogon esasan, gantdan, şekerden gaýnadylansoň, bu önümlerem gytaldy. Garaz, ykdysadyýetiň halkaly zynjyry üzüldi.

Häzir nähili? Ýurda çilim getirmegi çäklendirip, onuň bahasyny gymmatladyp, nähili utuş gazanylar?

Elbetde, ikigöwünliler çilimi taşlar. Emma “Çilim ýadawlygy aýyrýar, gahary köşeşdirýär” diýip, çyn çilimkeşe öwrülenlere ýaramaz endikden saplanmak kyn düşer. Oňa derek temmäki ekilişi artar. Temmäki söwdasy güýjär. Gaýtadan işlenilmedik şol temmäkiler çilimkeşleriň janyna ozalkysyndanam beter howp salar. Her dürli ot-çöpleri garyşdyryp, çilim çekjegem tapylar. Hatda “Çaýy kagyza dolap çekseň, hiç neneň däl eken…” diýýänlerem bar.

Aşa çilimkeşleriň arasynda häzir ýoň bolan mahorkanyň tüssesi juda agyr. “Şuny bir ýyl çeksek, hökman öleris” diýip, çilimkeşleriň özlerem boýun alýar.
Taýagyň iki üjy bar. Soňuny saýman hereket etseň onuň bir ujy hökman gelip, özüňe degýär. Çilim meselesinde-de şeýle. Herhal, şu babatda goşmaça çäreler görmeli.

Serdar Gulgeldiýew Aşgabatda ýaşaýan intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG