Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Taksomotor awtoulag kärhanasynyň hyzmatlarynyň nyrhy ýokarlanýar


Durdymyrat aga maşynlaryň guratdygyny, demirýol wokzaly, aeroport ýaly ýolagçylaryň köp ýerlerine döwlete degişli bolmadyk beýleki hususy taksileriň barmagyna gadagançylyk girizilendigini hem aýdýar.
Durdymyrat aga maşynlaryň guratdygyny, demirýol wokzaly, aeroport ýaly ýolagçylaryň köp ýerlerine döwlete degişli bolmadyk beýleki hususy taksileriň barmagyna gadagançylyk girizilendigini hem aýdýar.
Paýtagtyň ýaşaýjylaryna hyzmat etmek maksady bilen 2010-njy ýylda Günorta Koreýadan satyn alnyp, ýurda getirilen “Hundaý-Elantra” kysymly taksi awtoulaglary soňky aýlar Aşgabadyň köçelerinde gün-günden azalýar.

Aşgabatly işçi, 50 ýaşly Durdymyrat aga özüniň öýünden çykyp, her gün iş ýerine barýança taksileriň hyzmatyndan peýdalanmaly bolýandygyny gürrüň berýär. Durdymyrat aganyň aýtmagyna görä, onuň ýöreýän aralygy üçin ilkibaşda döwlete degişli bu täze awtomaşynlaryň taksometrlerinde görkezýän görkezijisi 90 teňňe bolýan eken.

Şol aralyga öz hususy maşynynda kireý edýän taksi sürüjiler 2 manat alýan bolsalar, ilkinji gezek döwlete degişli täze taksileriň birine müneninde, sürüjiniň özüne bir manatdan 10 teňňe gaýtargy berendigini hem Durdymyrat aga ýatlaýar.

Aşgabatda ýerli ýaşaýjylardan bu maşynlarda işlemäge höwesek adamlar az bolany üçin, geçen ýylyň dowamynda Daşoguz, Lebap, Mary, Balkan welaýatlarynyň awtoulag kärhanalaryndan sürüjileri täze maşynlarda işlemek üçin paýtagta komandirowka çagyrdylar.

Durdymyrat aganyň aýtmagyna görä, ilkibaşda welaýatlardan gelen sürüjiler taksometrlerde görkezilýän görkezijiden artyk pullaryny ýolagçylara gaýtaryp berýän ekenler. Emma Aşgabatda ýaşamaga olar üçin oňaýly şertler döredilmändigi sebäpli, olar özleriniň komandirowka möhletleriniň soňlanmagyna gyssanyp, öýlerine dolananlaryny kem görmeýärdiler.

Welaýatlaryň awtoulag kärhanalaryndan gelen sürüjilere taksomotor awtoulag kärhanasyna degişli umumy ýaşaýyş jaýyndan wagtlaýyn ýaşamaga otaglar berlipdi. Emma sürüjileriň köpüsi ol otaglarda ýaşap bilmän, kireýine jaýlarda ýaşapdyrlar.

“Kireýine ýaşaýan jaýlarynyň nyrhy ýokary bolany üçin, sürüjileriň alýan aýlyklarynyň esli bölegi jaý kireýine gidýärdi. Sol sebäpli hem sürüjiler öýlerine gaýtmaga howlugýardylar” diýip, Durdymyrat aga aýdýar.

Aşgabadyň köçelerinde, 2011-nji ýylyň sentýabr aýy.



Bu awtoulaglarda işleýän sürüjiler, halys iş tapmanlaryndan soň, wagtlaýyn işlemek üçin, işe durýandyklaryny aýdýarlar. Her gün 100 manatlyk plany doljak bolsaň, 16-18 sagat işlemeli bolýandygyny, yssy howa şertlerinde munuň adam saglygy üçin agyr düşýändigini hem sürüjiler gürrüň berýärler.

Durdymyrat aga maşynlaryň guratdygyny, demirýol wokzaly, aeroport ýaly ýolagçylaryň köp ýerlerine döwlete degişli bolmadyk beýleki hususy taksileriň barmagyna gadagançylyk girizilendigini hem aýdýar.

“Işsizlik sebäpli, paýtagtyň taksoparkyna wagtlaýyn işe gelenler hem özleri üçin amatly iş tapsalar, 3-4 aý işläp, işden çykmak bilen bolýarlar. Sürüjiler üçin ýaşaýyş jaý üpjünçiligi, ýa bolmasa has bähbitliräk ýeňillikler döredilmeli ahyryn” diýip, Durdymyrat aga aýdýar.

Onuň aýtmagyna görä, taksomotor awtoulag kärhanasynyň ýolbaşçylary sürüjileriň kynçylyklaryny ýolagçylaryň hasabyna ýeňilleşdirmek isleýäne meňzeýär. Soňky 3-4 hepdäniň dowamynda, ýolagçylaryň talap etmegine seretmezden, sürüjiler taksometrlerini işletmekden boýun gaçyrýarlar. Ýolagçylar barmaly ýerlerini aýdanlaryndan soň, sürüjiler hem ýolagçylara näçe tölemeli boljakdyklaryny aýdýarlar.

Ozal 1 manada golaý töleýän pulunyň indi 2 manada galdyrylandygyny, sürüjiniň aýdan nyrhyny bermäge razy bolmasaň, olaryň ýolagçyny almaýandygyny Durdymyrat aga sözüniň üstüne goşdy.

Döwlet baştutanynyň ýurduň awtoulag ýagdaýyny gowulandyrmak üçin, yzygiderli tagalla edip gelýändigi habar berilýär. Şäherde ilata hyzmat edýän awtoulaglaram, etraplarda ilata hyzmat ediýän awtoulaglar hem häzir köpeldi.

“Emma taksomotor awtoulag kärhanasynyň işini geregiçe ýola goýup bilýän ýolbaşçy ýetmezçilik edýär” diýip, Durdymyrat aga aýdýar. “Gazetlerde “Taksomotor awtoulag kärhanasyna sürüjiler işe kabul edilýär” diýip, bildiriş bereniň bilen, ol ýere işe girmäge howlugyp barýan adam ýok. Sürüjiler üçin berilýän plany real ýagdaýa getirmeli”.

Ýerli synçylar sürüjiler kärhanada uzak möhletleýin işlemäge howeslener ýaly, olary amatly ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmeli, şeýle hem täze iş düzgünnamalaryny kabul etmeli pikirde.

“Işiň düzgünnamasyny kabul edeniň bilen, ol düzgünnama boýunça iş ýöremese, bu diňe halky aldamak bolýar. Bu ýerde döwletiň halk üçin edýän aladasy öz-özünden ýitip gidýär” diýip, Durdymyrat aga sözüni soňlaýar.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG