Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze hasabatda Türkmenistan ýene “ýaramaz”


"Dini guramalaryň agzalarynyň ençemesiniň Türkmenistanyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan tussag edilenligi barada hem maglumat bar..."
"Dini guramalaryň agzalarynyň ençemesiniň Türkmenistanyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan tussag edilenligi barada hem maglumat bar..."

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň 2010-njy ýylyň iýul we dekabr aýlarynyň aralygyny öz içine alýan täze hasabatynda, beýleki ýurtlar bilen bir hatarda, Türkmenistan we onuň goňşulygynda ýerleşýän ýurtlarda dini azatlyklaryň ýagdaýyna giňişleýin syn berilýär.


Hasabatda aýdylyşyna görä, dini azatlyklar boýunça öz raýatlaryny yzarlaýan we olara basyş görkezýän ýurtlardan birem Türkmenistandyr. Hasabatyň Türkmenistan baradaky böleginde hökümetiň ýurtda hasaba alnan we alynmadyk dini guramalaryň agzalaryna garşy dürli çäklendirmelerden peýdalanýanlygy we olary yzarlaýanlygy bellenilýär.

Tussag edilenler hem bar…

Hasabatda geçen ýylyň iýuly bilen dekabr aýlarynyň aralygynda Türkmenistanda diňe bir dini guramanyň hasaba alnanlygy we ençemesiniň bu baradaky arzalarynyň ret edilenligi nygtalýar.

Dini azlykdaky toparlaryň dürli ýanamalar we çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz bolýanlygy aýdylýan hasabatda şeýle guramalaryň agzalarynyň ençemesiniň Türkmenistanyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan tussag edilenligi barada hem maglumat bar.

Hasabatda Türkmenistanda dini kemsitmelere sezewar edilýän toparlaryň arasynda esasanam Iýegowanyň şaýatlarynyň ýagdaýy hakda gürrüň edilýär. Aýratynam bu hasabat taýýarlanýan döwründe Iýegowanyň şaýatlaryndan azyndan 18 adamyň tussaglykda saklananlygy görkezilýär.

Şeýle-de hasaba alynmadyk dini guramalaryň agzalaryna ýygnanyşmaga rugsat edilmeýänligi we olara ýurtda dini maglumatlary ýaýratmaga we çap etmäge hem mümkinçilik berilmeýänligi aýdylýar.

Hasabatyň Türkmenistan baradaky böleginde, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, umuman aýdylanda, dini azatlyklar boýunça birneme oňyn özgerişligiň hem bolanlygy, emma yzarlamalaryň öňküsi ýaly dowam edenligi bellenilýär.

Özbegistan - aýratyn alada dörediji

Türkmenistanyň goňşusy Özbegistan barada aýdylanda, bu ýurtda hem ýagdaý Türkmenistanyňkydan o diýen bir tapawutly däl. Hatda bu hasabatda Özbegistan aýratyn alada döredýän sekiz ýurduň arasyna goşulypdyr.

Döwlet sekretarynyň demokratiýa we adam hukuklary boýunça kömekçisi Maýkl Pozner bu barada eden çykyşynda Özbegistan hakda durup geçip, şeýle diýdi: «Bu ýurtda musulmanlar üçin hökümet tarapyndan rugsat edilmedik metjitlerde dini meseleleri gozgamak bikanun hatda howply bolup durýar, şonuň ýaly sebäpler boýunça Özbegistanyň ady bu sanawa girizildi» diýip, belledi.

Hasabatda Türkmenistan we Özbegistan bilen bir hatarda Merkezi Aziýada ýerleşýän Täjigistan hakynda-da giňişleýin maglumat berlip, bu ugurda, esasanam, hökümetiň dini hereketleri çäklendirmek boýunça soňky döwürlerde kabul eden kararlary barada gürrüň edilýär.

Hasabatda aýratyn alada döredýän ýurtlaryň hataryna Merkezi Aziýadan diňe Özbegistan girip, onuň bilen bir hatarda bu sanawda Eýranyň, Hytaýyň, Demirgazyk Koreýanyň, Saud Arabystanynyň, Birmanyň, Eritreýanyň we Sudanyň ady tutulýar.
XS
SM
MD
LG