Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda elektron kitaphana bolarmy?


Serdar Babaýew: "Elektron kitaphanalary gymmatly taryhy kitaplaryň we gazet-žurnallaryň asyl nusgalaryny aýawly saklamaklyga-da gönüden-göni ýardam eder".
Serdar Babaýew: "Elektron kitaphanalary gymmatly taryhy kitaplaryň we gazet-žurnallaryň asyl nusgalaryny aýawly saklamaklyga-da gönüden-göni ýardam eder".
Internet giňişliginde dürli ugurlar boýunça ençeme elektron kitaphanalary bar. Şol kitaphanalaryň arasynda türkmen dilinde kitaphanalar welin ýok. Dogry, käbir türkmen dilindäki web-saýtlarda türkmen dilinde neşir edilen kitaplaryň elektron görnüşine duşmak bolýar. Emma olaryň sany örän çäkli. Tutuş kitaphanany internete geçirmek barada entek Türkmenistanda alada edilenok.

Muňa garamazdan, täze okuw ýylynyň öň ýanyda döwlet býujetinden çagalara kompýuter almak üçin 25 million dollardan gowrak serişde goýberilip, mekdebe ýaňy gadam basýan 100 müň çemesi okuwçynyň her birine täze netbuk berlendigi barada resmi metbugatda habarlar peýda boldy.

Maksat näme?

Kompýuter näme maksat bilen okuwçylara berilýär we näme üçin oňa beýle köp serişde sarp edilýär diýen sowal döreýär. Kompýuter owaly bilem okamaga hem ýazmaga gerekli. Eger-de ýazmak işini her kimiň özi berjaý etse, okamak meselesinde döwletiň kömegi zerur bolýar.

Eýsem, okuwçylar kompýuterden Magtymgulynyň ýa-da Zeliliniň kitabyny tapyp bilerlermi? Okuwçylar öz elindäki kompýuterden Türkmenistanyň taryhyna degişli kitaplary okap bilerlermi? Häzirlikçe bu mümkin däl, ýöne çagalar 1-nji klasa degişli okuw sapaklaryny öz netbuklaryndan görüp bilýärler.

Türkmenistanyň milli kitaphanasynda dürli ýyllarda çap edilen 200 müňden gowrak türkmen dilindäki kitap saklanýar. “Bäş ýyl mundan ozal milli kitaphananyň fondunyň elektron katalogy düzülip başlandy. Elektron katalog programmasy türk bilermenleri tarapyndan düzülip, häzirki wagta çenli müňlerçe neşirleriň atlary oňa girizildi. Katalog internet arkaly hem elýeterli bolmalydy. Emma häzirki wagt beýle mümkinçilik ýok. Şeýle-de, kitaphanada saklanýan käbir neşirleri elektron görnüşe geçirmek hem göz öňünde tutulýardy” diýip, kitaphana işgäri Serdar Babaýew aýdýar.

Ýöne häzirlikçe bu ugur boýunça hiç hili iş amala aşyrylmaýar. Elbetde, kitaplary elektron görnüşe geçirmek häzirki döwürde wajyp mesele. Ýerli synçylar türkmen dilindäki elektron kitaphanalarynyň ýoklugynyň sebäbini döwlet tarapyndan bu meselä ýetrlikl üns berilmeýänligi bilen düşündirýärler.

Elektron kitaphanalaryň artykmaçlygy

Aşgabatly kitaphanaçy Serdar Babaýew elektron kitaphanalaryň döredilmegi üçin döwlet tarapyndan goldaw gerekdigini aýdyp şeýle diýdi: “Häzir biziň ýurdumyzda bu işi amala aşyryp biljek bilermenler bar. Emma elektron kitaphanany döretmek üçin döwletiň maliýe ýardamy gerek. Sebäbi köplenç halatda elektron kitaphana düşewünt getirmeýär. Her bir kitaby elektron görnüşe geçirmek üçin ýörite tehniki serişdelerem gerek. Kiril elipbiýinde çap edilen kitaplar transliterasiýa edilensoň, olary barlamak üçin dilçi redaktorlar gerek. Elektron kitaphanalaryny döretmek üçin döwlet tarapyndan grantlar hem yglan edilse gowy bolardy”.

Kitaphana işgäri Serdar Babaýew şeýle elektron kitaphana usuluna geçilen halatynda, munuň gymmatly taryhy kitaplaryň we gazet-žurnallaryň asyl nusgalaryny aýawly saklamaklyga-da gönüden-göni ýardam etjekdigini aýdýar.

“Milli kitaphanada häzir 19-njy asyryň ahyrynda çap edilen ýewropa dillerindäki kitaplar hem bar. Bu kitaplaryň arasynda Orsýet patyşalygynyň şazandalarynyň, dworýanlarynyň şahsy kitaphanalarynda saklanan kitaplaram bar. Şol kitaplar bibliografik seýreklik hasaplanýar. Bu kitaplary okyjylaryň eline bermeklik nädogry. Şeýle-de, elektron kitaphanalary gerek bolan maglumatlary çalt tapmak üçin peýdaly. Emma döwlet milletiň bilimli bolmagyny islemeýäne meňzeýär” diýip, kitaphana işgäri Serdar Babaýew bu mesele barada janykdy.

Şu ýyl orta mekdepleriň birinji klasyna giden okuwçylara berlen netbuklarda ähli okuw dersleri boýunça ýörite elektron okuw kitaplary bar. Okuwçylara berlen netbuklarda owadan illýustrasiýalar we animasiýalar bilen bezelen elektron kitaphanasynyň hem bardygy habar berildi. Muny medeniýet işgärleri mekdepleri kompýuterleşdirmek meselesinde ädilen ilkinji şowly ädim diýip bellediler.

“Mekdep okuwçylaryna mugt netbuk berilmegi hem onda elektron kitaplaryň bolmagy gowy zat. Eger-de her ýyl okuwçylara netbuk berilse, onda ýene-de on ýyldan ilatyň ep-esli böleginde kompýuter sowady bolardy. Bu bolsa elektron kitaphanalarynyň gerekdigini tassyklaýan ýene-de bir delildir. Şonuň üçin, ýurtda elektron kitaphanalaryny döretmek işi diňe birinji klas okuwçylarynyň okuw kitaplary bilen çäklenmejekdigine umyt edýärin. Bu iş dowam edilip, çagalar üçin türkmen dilinde dürli elektron gollanmalar we ensiklopediýalar hem döredilmeli. Bu ugurda daşary ýurt tejribesi öwrenilse gowy bolardy” diýip, aşgabatly medeniýet we kitaphana işgäri Serdar Babaýew belledi.

Myrat Gurbanow Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy
XS
SM
MD
LG