Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝP belarusly aktiwistiň azat edilmegine çagyryş edýär


Düýn Ýewropa Parlamenti Belarusy tanymal hukuk goraýjy Ales Býalýatskini azat etmäge we onuň «Wýasna» toparyna azar bermegi bes etmäge çagyrdy.

Strasburgda kabul edilen rezolýusiýada kanun çykaryjylar Ýewropa Bileleşigine ýüzlenip, onuň Býalýatskiniň tussaglygy we ýanalmagy bilen ilteşikli belarus resmilerine degişli gara sanawy giňeltmegine çagyrdylar.

Bu sanawa girizilen şahslar Ýewropada syýahat gadaganlygyna we pul hasaplarynyň doňdurylmasyna degişli edilýär.

Býalýatski geçen aý salgytdan gaçmakda aýyplanyp tussag edildi, emma tarapdarlary onuň syýasy sebäpler esasynda ýanalýandygyny aýdýarlar.

Ales Býalýatski belarus häkimiýetleriniň parahat demonstrasiýaçylary basyp ýatyryşy barada hasabat taýýarlaýardy. Eger ol günäli tapylsa, oňa 7 ýyl türme tussaglygy garaşýar.
XS
SM
MD
LG