Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Terror topary öz güýçleriniň Täjigistandadygyny aýdýar


Anna güni “Jamaat Ansarullah” atly terror topary wideo ýazgy ýaýradyp, onda özüniň agzalarynyň Täjigistandadygyny belläp, “imansyzlary” öldürmäge çagyrdy.

Wideo ýazgyda sakgally, owgan eşigindäki bir adam özüniň we ýaragly toparyň Täjigistandadygyny aýdýar. Ol terror hüjümleri amala aşyryp, ähli “imansyzlary” öldürmäge çagyrýar.

Bu wideo ýazgy 7-nji sentýabrda “Youtube” web-saýtynda ýerleşdirilipdir. Ýöne täjik mediasy bu barada diňe şu anna güni habar berdi.

“Jamaat Ansarullah” topary geçen ýylyň sentýabrynda Täjigistanyň Hojent şäherinde bir janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran hüjüminiň jogapkärçiligini öz üstüne alypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG