Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan K.Bakyýewiň ekstradisiýa edilmegine aýak direýär


Gyrgyzystan öňki prezident Kurmanbek Bakyýewiň ýurda ekstradisiýa edilmegi boýunça täze arzany bermäge taýýarlyk görýär. Bakyýew geçen ýyl ýurtdaky baş götermelerden soň, Belarusa gaçyp atypdy.

Gyrgyzystanyň içeri işler ministriniň orunbasary Melis Turganbaýewiň aýtmagyna görä, Bişkek Bakyýewe 2009-njy ýylda görnükli syýasy işgär Medet Sadyrkulowyň öldürilmegine ilteşigi barlykda güman bildirip, şol aýyplamalar boýunça onuň ekstradisiýa edilmegini isleýär.

Şol döwürde gyrgyz resmileri prezident administrasiýasynyň başlygy Medet Sadyrkulowyň we ýene iki adamyň ýol heläkçiliginde ölendigini aýdypdylar.

Emma şu hepde ýurduň Içeri işler ministrligi Sadyrkulowyň ozalky prezidentiň dogany Janyş Bakyýewiň görkezmesi bilen öldürilendigini öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG