Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-de Liwiýanyň täze baýdagy galdyryldy


Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda Liwiýanyň täze baýdagynyň galdyrylmagy bilen bagly dabara BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun, ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama we Liwiýanyň Milli geçiş geňeşiniň lideri Mustafa Abdel Jalil dagylar gatnaşdylar.

Liwiýanyň täze häkimiýetleriniň wekilleri bilen geçirilýän gepleşikleriň öňüsyrasy ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama çykyş edip, häzir halkara jemgyýetçiliginiň ýardamy bilen Liwiýanyň taryhynda täze döwrüň başlanýandygyny aýtdy.

Mustafa Abdel Jalil halkara jemgyýetçiliginiň öz ýurduna berýän ýardamy üçin minnetdarlyk bildirip, şu çaka çenli Kaddafiniň režimine garşy dowam edýän söweşlerde 25 müňe golaý adamyň heläk bolandygyny aýtdy.

Häzir Liwiýanyň Sabha, Bani-Walid we Sirte şäherlerinde kaddafiçilere garşy söweş dowam edýär. Bu ýerlerde gumanitar betbagtçylygyň döremek howpunyň artýandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG