Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG türkmen hökümetiniň sözçülerine tälim berýär


Çarşenbe güni Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda hökümet we döwlet organlarynyň metbugat sekretarlaryna tälim bermek boýunça ÝHHG tarapyndan gurnalan ýörite seminar öz işine başlady.

Üç gün dowam etjek bu seminar ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan bu guramanyň Media azatlygy boýunça edarasynyň ýardam bermeginde gurnaldy.

ÝHHG-niň ýaýradan press-relizinde bu seminaryň maksadynyň Türkmenistanyň hökümet we döwlet organlarynyň metbugat sekretarlarynyň öz işlerini effektiw ýerine ýetirmeklerine hem-de professional başarnyklary ele almaklaryna ýardam etmekden ybaratdygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG