Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýew Palestinanyň garaşsyz bolmagyny goldaýar


21-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynda çykyş eden Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew Palestinanyň garaşsyz döwlet bolmagyny Gazagystanyň goldaýanygyny mälim etdi.

“Taryhyň terezisine gaty möhüm mesele goýuldy. Bu barada prezident Obama hem öz çykyşynda belläp geçdi. Emma Palestinanyň hem Ysraýylyň arasyndaky gepleşikler ynha indi 50 ýyla golaý wagt dowam edýär. Palestin döwletiniň garaşsyzlygy ykrar edilmese Ýakyn Gündogarda durnukly parahatçylygy ornaşdyrmak mümkin däl” diýip, Nazarbaýew aýtdy.

Şeýle hem Nazarbaýew dünýäniň bir ýurduna ýadro programmasyny ösdürmäge ýol berlip, beýleki bir ýurda berilmezligini “adalatsyzlyk” diýip atlandyrdy we planetanyň ýadrosyz bolmagy üçin ählumumy deklarasiýanyň kabul edilmeginiň möhümdigini nygtady.

BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda Gazagystanyň prezidenti maglumat giňişligine global taýdan gözegçilik etmek pikirini öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG