Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemende ogurlyk üçin 15 ýaşly oglanyň eli kesildi


Ýemeniň günortasyndaky Jaar şäherinde “Al-Kaýda” bilen ilteşikli söweşijiler ogurlyk üçin 15 ýaşly oglanyň elini kesdiler.

Elektrik simini ogurlamaga synanyşan wagty tutulan ýetginjegi radikal yslamçylar ýerli ýaşaýjylaryň gözüniň öňünde şeýle jezalandyrdylar.

Şaýatlaryň “Frans-Press” agentligine beren habaryna görä, ýekşenbe güni şeýle betbagtçylyk ýene bir bendäniň depesinden inmeli eken.

Radikal yslamçylar günortadaky Abýan welaýatynda şu ýylyň maý aýynda paýtagt Zinjibary goşmak bilen birnäçe şäheri öz kontrollygyna aldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG