Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda türkmen-ors ykdysady forumy açyldy


Çarşenbe güni Aşgabatda türkmen-ors ykdysady forumy açyldy. Ol Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasy hem-de Senagatçylar we telekeçiler bileleşigi, şeýle hem Orsýet Federasiýasynyň Söwda-senegat palatasy tarapyndan gurnaldy.

Bu iki günlük forumda taraplar, esasan, kiçi we orta biznes boýunça özara hyzmatdaşlyklary ösdürmek meseleleri barada pikir alşarlar.

Bu türkmen-ors ykdysady forumyna iki ýurduň ýeňil we azyk senagaty hem-de oba-hojalyk pudagynda iş alyp barýan kompaniýalarynyňdyr kärhanalarynyň wekilleriniň gatnaşýandyklary habar berilýär.
XS
SM
MD
LG