Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Palestinanyň arzasy Howpsuzlyk Geňeşine gowşuryldy


Palestin awtonomiýasynyň BMG-e girmek baradaky arzasy Howpsuzlyk Geňeşine gowşuryldy. Geneşiň ýörite komiteti şu mesele boýunça 30-njy sentýabrda resmi maslahat geçirer.

BMG-niň Düzgünnamasyna laýyklykda, agza bolmak barada berlen arzany Howpsuzlyk Geňeşiniň 15 agzasynyň ählisi makullandan soň Baş Assambleýa seretmek teklip edilmeli.

BMG-de doly hukukly täze agzanyň peýda bolandygy baradaky rezolýusiýa üçin Baş Assambleýa gatnaşyjylaryň üçden iki bölegi ses bermeli.

ABŞ Howpsuzlyk Geňeşinde ses berişlikde weto hukugyny ulanjakdygyny duýdurýar we garaşsyz palestin döwletiniň diňe palestin-ysraýyl ýaraşyk ylalaşygynyň netijesinde döremelidigini öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG