Ak Tam prezident Barak Obamanyň prezident Islam Karimowa telefon edip, ony Özbegistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy bilen gutlandygyny aýdýar.
Ak Tamyň beýanatynda aýdylmagyna görä, Obama bu ýurtdaky adam hukuklary ýagdaýyna yşarat edip, Özbegistanyň has abadan hem howpsuz bolmagynyň hem Daşkent, hem Waşington üçin bähbitlidigini aýdypdyr we “demokratiýany ilerletmek abadançylyga we howpsuzlyga goldaw berýär” diýipdir.
Şeýle-de iki prezident Owganystandaky durnuklylyga we abadançylyga goldaw bermek barada pikir alyşdy.