Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Interpol Kaddafiniň ogluny tussag etmeli diýýär


Halkara polisiýa guramasy bolan Interpol penşenbe güni Liwiýanyň gyrakladylan lideri Muammar Kaddafiniň ogly Saadini tussag etmelidigi barada beýanat ýaýratdy.

Fransiýanyň Laýon şäherinde ýerleşýän Interpol Liwiýanyň täze häkimiýetleriniň Saadi Kaddafiniň tutulmagyny talap edýändigini aýdýar.

Saadi Liwiýanyň Futbol federasiýasyna ýolbaşçylyk edende güýç we ýarag bilen gorkuzmak arkaly serişde sowurmakda aýyplanýar.

Saadi Kaddafi Nigerdedir öýdülýär, onuň kakasynyň nirededigi belli däl.
XS
SM
MD
LG