Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klinton Owganystana eltýän üpjünçilik ýoly üçin özbek hyzmatdaşlygyny öwýär


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton Özbegistany Owganystandaky amerikan esgerlerine ýük eltmäge ýol berýäni üçin taryp etdi.

Bu beýanat Waşington öz üpjünçilik gatnawyny Özbegistanyň üstünden geçýän ýol arkaly giňeltmekçidigini aýdandan soň edildi.

Waşington bilen Yslamabadyň arasyndaky dartgynlaşma hem NATO-nyň Pakistanyň üstünden geçýän üpjünçilik ýolunyň hatarlylygy şeýle aladalara sebäp bolupdy.

Ak Tam Barak Obamanyň üçünji gün özbek prezidenti Yslam Kerimowa telefon edip, Merkezi Aziýa ýurduny garaşsyzlygyň 20 ýyllygy bilen gutlandygyny aýtdy.

Waşington ozal Kerimowyň hökümetini adam hukuklaryny basgylamakda tankyt edýärdi.
XS
SM
MD
LG