Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaddafiniň dogduk şäheriniň adamlary müňläp öýünden gaçýar


Liwiýanyň geçiş geňeşiniň güýçleri bilen Kaddafä tarapdar güýçleriň arasynda gyraklydalan lideriň dogduk şäheriniň üstünde gidýän söweş gyzdygyça müňläp adam öýünden gaçýar.

Geçiş geňeşiniň güýçleri iki hepde gowrak bäri Ortaýer deňziniň kenaryndaky port şäheri ele geçirjek bolýar.

Halkara Gyzyl haç komiteti 70 müň çemesi ilatly Sirte şäherini 10 müňden gowrak adamyň terk edendigini aýdýar. Gaçyp çykmagy başaran ýaşaýjylar derman-däriniň ýetmezçiligi zerarly köp adamyň heläk bolandygyny aýdýarlar.

Halkara Gyzyl haç komitetiniň şenbe güni Sirtä baryp gören topary hem hassahanalardaky medisina hyzmaty, derman-däri we doktorlar babatda adatdan daşary ýagdaýyň dörändigini duýdurdy.

Halkara Gyzyl haç komitetiniň sözçüsi Dibeh Fakr öz toparlarynyň Sirtä Misratanyň üstünden barandyklaryny we gabawdaky şäheriň esasy hassahanasy bolan Ibn Sinada dörän ýagdaýy görendiklerini aýtdy.

“Ol ýerde doktorlar, medisina enjamlary, kislorod ýassyklary, hatda suw hem ýetenok” diýip, Fakr aýtdy.

Halkara Gyzyl haç komiteti söweş zerarly şenbe güni hassahana medisina enjamlaryny eltip bilmändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG