Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Täze Ýüpek ýoly”: mümkinçilikler, päsgelçilikler


Pakistanyň Kwetta şäheri bilen Owganystanyň Kandahar şäherini birleşdirýän ýol, 2009-njy ýyl.
Pakistanyň Kwetta şäheri bilen Owganystanyň Kandahar şäherini birleşdirýän ýol, 2009-njy ýyl.
“Täze Ýüpek ýoluny” döretmek baradaky diskussiýalar soňky döwürlerde Waşingtonda barha möwjeýär. Birleşen Ştatlaryň Owganystan we Pakistan boýunça ýörite wekili Mark Grosman Merkezi we Günorta Aziýa sapar edip, beýleki meseleler bilen birlikde regionyň ýolbaşçylary bilen edil häzir bu proýekt hakda hem özara pikir alyşýar.

“Täze Ýüpek ýoly” 29-njy sentýabrda ABŞ-nyň, Owganystanyň we halkara maliýe guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Waşingtonda geçirilen ýygnakda hem geňeşildi. Şol konferensiýada çykyş edenlerden biri, Döwlet sekretary Hillari Klintonyň energiýa we oba hojalyk boýunça kömekçisi Robert Hormats NATO güýçleriniň Owganystandan çekilip başlan häzirki pursatynda bu proýektiň ähmiýetiniň hasam artanlygyny belledi.

“Geljekde işsizlik we ykdysady kynçylyklar dowam etse, Owganystanyň ilaty ýene aşa dinçi toparlaryň garamagynda ýaşamaly bolar. Bu ýagdaý hiç kim üçinem bähbitli däl. Ilat täze hökümet iş başyna geçmezden ozal hem şeýle problemalar bilen ýüzbe-ýüzdi” diýip, Hormats belledi. Ol aýratynam ýüpek ýoly döredilen halatynda Owganystanyň Günorta Aziýa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda köpri roluny berjaý edip biljekdigini belläp, bu diňe Owganystanyň däl, tutuş regionyň geljegine oňyn täsirini ýetirer diýdi.

Owganystanyň roly

Ýygnakda çykyş edenleriňden biri, Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaýyň ykdysady işler boýunça maslahatçysy Şam Batija Kabulyň bu proýekte aktiw gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi. Ol Owganystanyň ummasyz ýerasty baýlyklarynyň bardygyny ýatladyp, eger bu plan durmuşa geçirilse, ýurt diňe köpri bolmak bilen çäklenmän, öz serişdelerini halkara bazarlaryna çykarmaga hem mümkinçilik alar diýdi: “Bu proýekt bize Owganystanyň ykdysady durkuny özgetmäge kömek eder. Ýagny, biz daşary ýurtlaryň ýardamyna mätäç ýurt bolmakdan gutularys we ol bizi öz öňümlerimizi daşary ýurtlara eksport edýän ýurda öwrer”.

“Ýüpek ýoly” 18-nji asyrlarda, regionda söwda-satygyň gülläp ösen döwürlerinde, Merkezi Aziýa bilen bir hatarda Owganystany, Hindistany, Eýrany, Türkiýäni hat-da Hytaýy hem öz içine alýan we söwda kerwenleriniň geçýän çatryklaryndan ybaratdy. Ol regionda ýerleşýän ýurtlaryň serhet liniýalary anyk bolmadyk, olaryň arasynda pasport we wiza diýlen düzgünleriň girizilmedik döwürleridi. Bu hem Ýewropadan ýola çykan bir söwdagäre öz harytlaryny şol ýol arkaly Hytaýa alyp barmaga mümkinçilik berýärdi. Edil şol ýoldan peýdalanyp, hytaýyly söwdägerler hem öz harytlaryny Merkezi Aziýa, hatda Ýewropa aşyrardylar. Netijede bu ýol şol döwürlerde söwdagärleriň möhüm geçelgelerinden biridi.

Emma şol döwürlerden bäri ýüzlerçe ýyl geçdi. Regionyň şertleri, hatda kartasy-da üýtgedi, bu hem öz nobatynda söwda şertlerini, onuň amala aşyrylyş usullaryny, harytlaryň durkuny we oňa bolan talaby özgertdi. Emma üýtgemedik bir zat bar - ýupek ýoly baradaky pikir. Bu esasanam soňky döwürlerde ýene möwjäp ugrady.

Howpsuzlyk meselesi

Synçylaryň aýtmagyna görä, Waşingtonyň nukdaýnazaryndan aýdylanda, bu gürrüňiň täzeden gozgalmagynyň sebäbi, NATO harbylarynyň 2014-nji ýyla çenli Owganystany doly terk etmegi baradaky plany bilen baglydyr. Netijede Waşington “Ýupek ýoly” proýektinde Owganystanyň esasy, ýagny Merkezi Aziýa bilen Günorta Aziýanyň arasynda köpri roluny berjaý etmegini isleýär.

Emma Owganystanyň howpsuzlyk ýagdaýlarynyň şeýle proýektiň amala aşyrylmagyna edil häzirki döwürde taýyn däldigini aýdýanlar hem bar. 29-njy sentýabrda Waşingtonda geçirilen ýygnakda eden çykyşynda howpsuzlyk meselesini “Aziýa Ösüş we Galkynyş bankynyň” Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça departamentiniň ýolbaşçysy Juan Miranda hem agzady.

“Bu, elbetde, juda gowy bir proýekt, biz ony goldaýarys. Emma onuň Owganystan baradaky bölegi hakda gürrüň edilende, howpsuzlyk meselelerini äsgermezlik edip bolmaz, sebäbi bu esasanam bu proýekte maýa goýujylary çekmek meselesinde ullakan problema döredip biler. Bu meseläniň çözgüdi aňsat däl, bu häzirem kyn, ertirem kyn bolup galar. Emma esasy mesele biz şeýle problemanyň bardygyny ykrar etmeli” diýip, Miranda aýtdy.

“Aziýa Ösüş we Galkynyş bankynyň” resmisi aýratynam Owganystanyň ýerasty baýlyklaryny özleşdirmekligiň zerurdygyny nygtap, proýektiň Owganystan bölegine kim maýa goýar diýlen soragy hem ýatdan çykarmaly däldigini belledi.
XS
SM
MD
LG