Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝUNESKO-da Palestinanyň agzalyk meselesine seredilýär


ÝUNESKO-nyň ýerine ýetiriji komiteti Palestinanyň bu gurama doly agzalygy meselesini agza ýurtlaryň garamagyna hödürlär.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton bu karary “düşündirip bolmaýan karar” diýip atlandyrdy we bu ýagdaýyň ABŞ tarapyndan bu guramanyň maliýeleşdirilmegini kemeltmäge getirip biljekdigini duýdurdy.

ÝUNESKO agza bolmak barada arza bermek- döwletiniň ykrar edilmeginde palestinliler üçin soňky ädimdir. Sentýabrda Palestin awtonomiýasynyň baştutany Mahmud Abbas agzalyk baradaky arzany BMG-ä gowşurypdy. Ol häzir serediş prosesinde.

Palestinliler mundan başga-da öz döwletiniň ykrar edilmegi üçin has tiz strategiýalary hem synap görýärler.

Palestin awtonomiýasynyň ÝUNESKO-da 1974-nji ýyldan bäri synçy statusy-durumy bar. Doly agzalyk üçin oňa agza 193 ýurduň üçden ikisiniň seslerini almaly.

BMG-niň bilim, ylym we medeniýet boýunça bölüminiň indiki baş konferensiýasy Parižde 25-nji oktbýar - 10-njy noýabr aralygynda geçiriler.
XS
SM
MD
LG