Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polşanyň premýeri gaýtadan saýlanmaga çalyşýar


Ýekşenbe güni Polşada geçýän saýlawlarda merkezçi premýer ministr Donald Tusk ikinji möhlet üçin konserwatiw oppozisiýa bilen bäsleşýär.

Pikir soraşlyklar Tuskuň merkezçi we ÝB tarapdar “Graždan platformasy” partiýasynyň saýlaw ýaşyndaky ilatyň 35 prosentiniň goldawyny aljagyny görkezýär.

Emma “Graždan platformasy” Ýaroslaw Kažinskiniň “Kanun we adalat” partiýasy tarapyndan berk garşylyga duçar bolýar.

Pikir soraşlyklar Kažinskiniň konserwatiw we milletçi partiýasynyň saýlaw ýaşyndaky adamlaryň 29 prosent çemesi tarapyndan goldanýandygyny görkezýär.

Synçylar bu saýlawyň geljekde Polşanyň Orsýet we Germaniýa bilen boljak gatnaşyklaryny kesgitlejegini aýdýarlar.

Kažinskiý soňky günlerde Germaniýa garşy birnäçe pikir aýdan bolsa, Tusk Orsýet bilen gatnaşysklary gowulaşdyrmak üçin tagalla etdi.
XS
SM
MD
LG