Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Žurnalistika Türkmenistanda howply kär


D. Ýazgulyýew: “Biziň şu etjek hereketlerimizi geljekki nesiller minnetdarlyk bilen ýatlar. Ynanyň, doganlar, şuňa ynanyň”.
D. Ýazgulyýew: “Biziň şu etjek hereketlerimizi geljekki nesiller minnetdarlyk bilen ýatlar. Ynanyň, doganlar, şuňa ynanyň”.
Geçen hepdede garaşsyz žurnalist, edebiýatçy hem folklorçy Döwletmyrat Ýazgulyýewiň duçar bolan pajygaly ykbaly hak sözi söýüjilerde agyr alada döretdi.

Ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalary, ynsan ykbaly barada alada edýänler Döwletmyradyň düşen ýagdaýyna çuň aladalanma bildirdiler. Aslynda ol professional hyzmaty üçin resmiler tarapyndan öňden bäri dürli gysyşlara hem yzarlanmalara duçar bolup gelipdi.

Howply hünär

Žurnalistika her bir jemgyýetiň, medeniýetiň iň möhüm ugurlaryndan biri saýylýar. Žurnalistikanyň batyrgaýlyk we erkinlik derjesi şol ýurtdaky medeni ösüşiň baryp ýeten çägini görkezýär.

Şol wagtyň özünde-de žurnalistika iň hatarly işleriň biri hasap edilýär. Dogruçyl maglumatlary bermek žurnalistden mertligi hem berk prinsipiallygy talap edýär.

Döwletmyrat Ýazgulyýewde şeýle mertlik hem prinsipiallyk bardy. Ýöne häkimiýetlerde ähli güýç hem beýleki serişdeler bar. Nähilem bolsa, ol öz mertligine daýanyp, Türkmenistanyň häzirki şertlerinde žurnalistiň etmeli hakyky hyzmatyny berjaý edip geldi.

Soňky duýduryş

Şy ýylyň tomsumda Abadan şäheriniň golaýynda dörän ok-däri partlamalary bilen baglanyşykly wakalary aýan edeninde, Döwletmyrat Ýazgulyýewe resmiler tarapyndan iň soňky duýduryş berlipdi. Golaýda bolsa ony maşgala dawalary bilen bagly jenaýatda aýyplap, jogapkärçilige çekdiler.

Şu ýylyň 5-nji oktýabrynda Kaka etrap sudy örän gümürtik ýagdaýda Döwletmyrady 5 ýyl azatlykdan mahrum etdi.

Belli rus şahyry Ýewgeniý Ýewtuşenko “Şahyr şahyrlykdan has ýokarydyr” diýipdi. Bu žurnalistika babatynda-da şeýledir. Hakyky žurnalist adaty maglumat beriji bolmakdan has ýokary bolup, hakykaty aýan edýän hem pikirleri möhüm ugra gönükdirýän intellektual şahs saýylýar.

Şu meselede Döwletmyrat Ýazgulyýewiň hyzmaty owal başdan aýratyn möhümlige eýe boldy.

Žurnalisti alada goýan ýagdaýlar

Mysal hökmünde aýtsak, Garaşsyz Türkmenistanyň ilkinji prezidenti S. Nyýazowyň şahsyýeti aşa mukaddesleşdirildi hem hudaýlyk derejelerine ýetirildi. Ölenden soň, onuň yzynda şahsyýet kulty ýaşamagyny dowam etdirdi.

Ony paş edip, Döwletmyrat Ýazgulyýew 2009-njy ýylyň 12-nji iýunynda şeýle pikiri öňe sürüpdi: “Biz näme üçindir S. Nyýazowyň diktaturasyna garşy uly iş edemizok? Hut şonuň üçinem S. Nyýazow häzir Türkmenistanyň iň uly hem iň gymmat bahaly mawzoleýinde ýatyr. Munuň özi ähli türkmeniň, şol sanda biziň utanjymyz. Sebäbi S. Nyýazow türkmen halkynyň garşysyna genosid alyp bardy”.

Döwletmyrat şonda Nyýazowyň režiminiň syýasaty netijesinde ýurtda çaga dogulyşynyň hem örän azalandygyny aýtdy. 1990-njy ýylda her müň adama 32 çaga doglan bolsa, 2006-njy ýylda her müň adama 19 çaga doglupdyr. Ol Nyýazow döwründe neşekeşligiň birden artandygyny hem işsizligiň 60 % bolandygyny mysallar arkaly mälim etdi.

“Dogry, belli bir derejede kiçijik özgerişlikler bar. Oňa derek korrupsiýa gülläp ösdi, hatda ony prezidentiň özi boýun aldy. Şonuň üçin S. Nyýazowyň genosidini paş etmek, halkyň mertebesini gaýdyp bermekdir” diýip, D. Ýazgulyýew belläpdi.

Howply ýoly saýlap aldy

Şu hili pikirleri aýtmak howpludy. Ýerli synçylaryň sözüne görä, nyýazowçylar häkimiýet başyndady hem onuň döreden syýasaty bilen ýurdy dolandyrýardylar. Bu howpy bilip dursa-da, D. Ýazgulyýew jemgyýetiň ösüşine böwet bolýan korrupsiýa barada aýtmakdan saklanyp bilmedi. “Hut şol içki talap hem ony ýiti žurnalistika getirdi” diýip, ony ýakyndan tanaýanlar aýdýarlar.

Döwletmyrat Ýazgulyýew alyp barýan işiniň hakykatdygyna, onuň ýol aljagyna, jemgyýete peýdaly boljagyna berk ynanýardy.

Ol bir gezek şeýle diýdi: “Biz obýektiw bir zat etsek, esasy zatlary, hakyky real zatlary aýtsak, döwlet boýnuna almasa-da, belli bir derejede netije çykarýar. Munuň aýdyň mysallary onlarça. Ony gaýtalap oturmalyň. Biziň şu etjek hereketlerimizi geljekki nesiller minnetdarlyk bilen ýatlar. Ynanyň, doganlar, şuňa ynanyň. Kim islemese-de, ýurdam, döwletem, halkam üýtgär. Sebäbi döwletiň, dünýäniň ýüzi demokratiýa tarap”.

Hudaýberdi Hally ýazyjy we publisist. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG