Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ilkinji dörän – ilkinji ýok edildi


60-njy ýyllarda birnäçe ýaş spesialistler Moskwada hem Leningradda ýörite bilim alyp geldiler. Olardan biri Polat Mansurowdy.
60-njy ýyllarda birnäçe ýaş spesialistler Moskwada hem Leningradda ýörite bilim alyp geldiler. Olardan biri Polat Mansurowdy.
Kino sungatyň iň täze görnüşi hasaplanýar. Türkmenistanda kino sungatynyň örän aýratyn taryhy bar. Bu täze sungat bütin dünýäde bolşy ýaly, türkmen topragynda hem geçen asyryň başynda tarpdan başlandy. Türkmenistanda täze hökümet döräýen badyna, iň ilki kino sungaty emele geldi. Aşgabatda 1926-njy ýylda “Türkmenfilm” studiýasynyň düýbi tutuldy.

Ýurt garaşsyzlyga çykanda hem ilkinji agyr zarba kino sungatyna gönükdi. Şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazow “Türkmenfilmi” diňe bir dargatmak bilen çäklenmedi, onuň howlusyny ýumurdy hem tutuş maddy-tehniki bazasyny dargatdy. Arhiwini, surat pawilýonlaryny guma gardyrdy.

Öz professional hünärini ýitirmejek bolup, Ýazgeldi Seýidow, Hojaguly Narlyýew, Osman Saparow, Myrat Alyýew ýaly belli kino režisýorlary ýurtdan çykyp gitdiler. Tanymal kino artistleri Maýa Aýmedowa, Hojadurdy Narlyýew hem beýleki sungat işgärlerini Türkmenistany terk etdiler.

“Türkmenfilm” kino studiýasy ilkinji 15 ýylyň içinde, ýagny Watançylyk urşy başlanýança 12 çeper filmi surata düşürdi. Olaryň içinde 1935-nji ýylda Oraz Täçnazarowyň “Batrak” poemasy esasynda döredilen “Men gaýdyp gelerin” diýen film ilkinji şowly çykan işlerden biri hasaplanýar. Filmiň gahrymany Gurban çopan öz söýgülisi Bibigüle öýlenmek üçin, gazanç etmäge ýola düşýär. Ol köp kynçylyklary başdan geçirýär. Netijede, onuň gözýetimi giňäp, içki dünýäsinde uly özgerişlijkler peýda bolýar.

Çeperçilik taýdan bu film “Türkmenfilm” studiýasyny Bütinsoýuz ekranyna çykardy. Ol halk köpçüliginiň söýgüsini gazandy. Filmiň gahrymany Gurban çopan halk içinden çykan sada ynsan bolup, ol durmuşynda duş gelýän kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Başky ýyllarda “Türkmenfilm” kino studiýasynda döredijilik üstünlikleri bilen bir hatarda şowsuzlyklaram az bolmady. Mysal üçin “Ak altyn”, “Sumbar jülgesindäki adamlar”, “Sowet edermenleri” ýaly filmler köpçüligiň ünsüni çekip bilmedi. Ýöne 1940-njy ýylda döredilen “Dursun” filmi uly döredijilik üstünligine eýe boldy. Režisýor Ý. Iwanow-Barkow bu filmde zehinli türkmen aktýory Alty Garlyýewi ekrana çykardy.

1941-nji ýylda “Biz ýeňeris” diýen at bilen döredilen dokumental film hem şowly hasaplandy. Bu filmde Watany faşizmden goramak üçin, türkmen halkynyň agzybirlikde çekýän gaýduwsyz zähmeti beýan edilýär.

1941-44-nji ýyllar aralygynda Ukrainanyň Dowženko adyndaky kinostudiýasy Aşgabatda göçüp gelip, şol ýerde öz işini dowam etdirýär. Ukrain kinoçylarynyň işleri türkmen kino sungatyna oňaýly täsir edýär. Olar özara pikir alyşýarlar we tejribelerini artdyrýarlar.

Ikinji Jahan urşundan soň ilkinji döredilen şowly film “Uzakdaky gelinlik” boldy. Onuň režisýory Iwanow-Barkow. Zehinli Alty Garlyýewiň, Aman Gulmämmedowyň, Sary Garryýewiň gatnaşmagynada döredilen bu film halk köpçüliginiň gowy gören kartinasyna öwrüldi.

48-nji ýylda Aşgabatda ýer titremegi bilen “Türkmenfilm” kino studiýasy öz işini goňşy respublikalarda dowam etdirdi. Täzeden döredilen kino studiýada ilkinji şowly çykan filmlerden “Çopan ogly”, “Aşyr aganyň mekirligi”, “Aýratyn tabşyryk” ýaly işler görkezilýär.

60-njy ýyllarda birnäçe ýaş spesialistler Moskwada hem Leningradda ýörite bilim alyp geldiler. Olardan Ýazly Seýidow, Hojaguly Narlyýew, Gurban Ýazhanow, Polat Mansurow, Myrat Gurbangylyjow we beýlekiler türkmen kinosynyň ösmegine uly ýardam etdiler. Kino tehnikasy ugrundan hem birnäçe ýokary bilimli hünärmenler geldi. Olaryň hyzmaty bilen “Şükür bagşy”, “Aýgytly ädim”, “Gelin” ýaly filmler surata düşürildi.

Ýerli döredijilik işgärleriniň aýtmagyna görä, garaşsyzlyk ýyllarynda “Türkmenfilm” kino studiýasy öz garaşsyzlygyny ýitirdi. Prezident Nyýazow öz döwründe “Aýgytly ädim” kinofilminde “garyplar baýlaryň garşysyna göreşýärler, biz bolsa baýlary köpeltmäge çalyşýarys” diýip, sowet döwründe döredilen kinolara gadagançylyk girizdi.

Şondan soň kino-teatrlary ýapyp, kafelere we restoranlara öwürdiler. Bu bolsa onlarça ýylyň dowamynda ençeme kynçylygy başdan geçirip, kemala gelen “Türkmenfilm” kino studiýasynyň dargamagyna, zehinli hünärmenleriň kino studiýany terk etmeklerine sebäp boldy.

Ýurduň häzirki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mundan iki ýyl ozal “Türkmenfilmiň” täze döredijilik toparyny düzmek baradaky permana gol çekipdi. Emma ýurtda halkara derejesinde ykrar edilen filmler döräberenok.

Halmyrat Gylyçdurdyýew Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG