Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aýalyň üçin $20 salgyt


“Söýgi üçin serhet ýok” diýýärler. Juwanlaryň islendik ýurduň islendik milletinden bolan deň-duşuna aşyk bolmaga, oňa öýlenmäge haky bar. Ýüregiň emrine çäre ýok. Ýürek birine imrindimi, onuň bilen goş birikdiräýmeli bolýar.

Sowet döwründe öňki Soýuzyň territoriýasynda bolan on bäş respublikanyň adamlary üçin biri-biriniň territoriýasyna ötüp-geçmek üçin serhet ýokdy. “Sowet soýuzynyň graždanlary” diýlip atlandyrylan on bäş respublikanyň ýaşlary biri-birine aşyk boldular, biri-birine öýlendiler. Türkmenleriň arasynda rus, ukrain, moldowan, azerbaýjan, özbek, täjik, gazak… gyzlaryna öýlenenler barmak basyp sanardan kän. Irki döwürler goş birikdirenleriň aýallary Türkmenistana propiska-da edildi, olara Türkmenistanyň raýatlygy hem berildi.

SSSR-den soň

Ýöne Soýuzyň dargan pursatlarynda başga respublikadan bolan gyzy söýüp, olara öýlenenler welin kyn güne galmaly boldular. Aýratyn-da, Özbegistana hem-de Täjigistana ýakynlykda ýerleşen Daşoguz we Lebap welaýatlarynda täjik, özbek gyzlaryna öýlenen ýigitler kän. Olar indi uly maşgala boldular. Maşgalada ýigrimi ýylyň dowamynda ençe ogul-gyz kemala gelip, olar eýýäm kämillik ýaşyna ýetdiler.

Şeýle-de bolsa ol maşgaladaky täjik ýa-da özbek milletinden bolan gelniň henizem ýaşaýan ýerine propiska edilmändigini hem-de olara Türkmenistanyň raýatlygynyň berilmänligini aýaly goňşy respublikadan bolanlar aýdýarlar.

Propiskasy, raýatlygy ýok adama iş meselesi hem kyn bolýar. Goňşy respublikalardan alnan gelinler diňe gaýyn öýündäki mellege güýmenäýmeseler, başga iş bilen meşgul bolup bilmeýärler. Türkmenistandaky düzgüne görä, çagalar hem ejesi nirede ýazgyda durýan bolsa, şol ýere propiska edilmeli. Häzirki ýagdaýda diňe bir goňşy respublikalardan alnan gelinleriň däl, eýsem olaryň çagalarynyň hem iş meseleleri gaýgy bolup durýar.

Bir ýylda tölemeli salgyt $240

Çagalary mamalaryna äkitmegiň gara görgüdigini, gidiläýen ýagdaýynda-da Türkmenistanyň raýaty bolmadyk kişini serhetden yzyna geçirmegiň kyndygyny, özleriniň diňe gaçyp-kowup gün görýänýändiklerini, üstesine-de, aýalyň başga respublikadan bolanlygy üçin her aýda ýigrimi amerikan dollary möçberinde salgyt tölemeli bolýandyklaryny internasional maşgala öwrülenler aýdýarlar.

Aýalyň üçin bir ýylda tölemeli salgyt 240 dollar bolýar. Häzirki kynçylykly günlerde, gazanç etmegiň güzap wagtynda maşgalanyň çykdajysyndan artdyryp, ýylda 240 dollary tygşytlamak dilde aňsat. Bu pul daýhançylyk bilen gün görýän maşgala üçin, çagalara gerek sowalga üçin örän zerur gerekli pul. Ýöne, alaç ýok, aýalynyň özbekligi ýa-da täjikligi üçin başga respublikanyň gyzyna öýlenenler her ýyl ol puly tölemeli bolýarlar.

Serdar Gulgeldiýew Aşgabatda ýaşaýan intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG