Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zenanlaryň haýbaty


Türkmenistanda aýal-gyzlaryň arasynda öz janlaryna kast etme giňden ýaýran nysakdyr. Olaryň köpüsi bu gara maksatlaryny amala aşyrmak üçin uksus içmeden peýdalanýarlar. Olar köplenç özlerini otlaýarlar. “Gelin-gyzlaryň öz janlaryna kast etmegi nämeden ýüze çykýarka?” diýen sowal mydama hemmeleri gyzyklandyrýar.

Seri ýerindäki adamlar kesellemezlik üçin göreşip gezýärler. Başa biwagt ölüm düşmezligini diläp ýaşaýarlar. Ýöne, ine, haýsydyr bir ýaş gelin ýa-da gyz birden özüniň ömür tanapyny üzmek üçin öz janyna kast edip goýberýär. Ol ýa-ha özüni otlaýar, ýa-da uksus içýär. Olaryň şu ýagdaýa baş urmasyny dogrusy, akyly ýerindelik diýip hem hasaplap bolmaýar.

Ýaş gelinleriň adamsynyň özüne biwepalyk edýänini bilip, ýa-da ýaş gyzlaryň öz söýýän ýigidine gowşup bilmän janlaryna kast etmekleri köp duş gelýän ýagdaý bolup durýar. Jana kast etmäge synanyşyk köp aýal-gyzlaryň arasynda öz gepini gögertjek bolmadan, şermendelik bilen ýol almaga synanyşykdan, özüne aşa üns berdirjek bolmadan hem ýüze çykýar.

Öz janlaryna kast etmäge synanyşsalar-da, olaryň aglabasynyň ölesi-de gelmeýär. “Meni halas ediň, ölesim gelenok” diýip, uksus içip ýa özüni otlap keselhana düşýän gelinleriň soňra wraçlara özelenip ýalbarýandygyny S.Nyýazow adyndaky hassahananyň ýanyklar bölüminde işleýän şepagat uýalarynyň biri gürrüň berýär.

“Olar soňra öz eden işlerine puşman edýändiklerini, öz gepini gögertmek üçin şeýle ýagdaýa ýüz urandyklaryny aýdyp aglaýarlar” diýip, şepagat uýasy öz janlaryna kast etmek üçin uksus içip, ýa-da özüni otlap hassahana düşýän aýal-gyzlaryň bolşuna gaharlanýar.

Öz janlaryna kast etmek üçin özlerini otlaýan ýa-da uksus içýän gelin-gyzlar ölmän galaýanlarynda hem bütin ömürlerine şikesli bolup galýarlar. Ýanyk öz yzyny baky goýýar. Uksus bolsa aşgazanyň işini görýär.

Birki ýyllykda orta mekdebiň onunjy klasyny tamamlan gyzlaryň biri özüne joralary bilen birmeňzeş geýmeli matadan köýneklik alnyp berilmäni üçin uksus içipdir. Ol uksusy içse-de-içipdir welin, bir owurt içenden hossarlaryny kömege çagyryp, tiz doktor çagyrmagy haýyş edip gygyrypdyr, aglapdyr. Ol gyz gutulyp, keselhanadan çykansoň “Diňe uksusy ýuwdanymdan soň şeýtmeli däldigine düşündim. Hossarlarymy özüme boýun egdirmek üçin men şol ýola ýüz urdum” diýip, gaýdyp hiç wagt şeýle işi etmejekdigini lukmanlara söz beripdir.

Söz berse-de berýärler welin, öz janlaryna kast edijiler başga adamlara-da jebir baryny berýärler. Olar kiçijik ýagdaýdan çykalga tapyp bilmän, maşgalanyň başyndan betbagtçylyk inderýärler.

Öz janlaryna kast edýänleri we kast etmäge synanyşýanlary türkmenler halamaýarlar. Eger özüni otlan ýa-da uksus içen soňra diri galaýanda-da maşgalada onuň sylagy bolmaýar. Eger gelin gaýyn öýünde şeýle ýagdaýa ýüz ursa, diri galsa, ony aýryp, atasy öýüne äkidip gelýärler. Olary maşgala şumluk getirýän “şumçy” diýip hasaplaýarlar.

Aýal-gyzlaryň janlaryna kast etmek ýa-da synanyşmak meselesiniň türkmen jemgyýetinde ýitileşmeginiň düýp sebäbi nämedekä?

Serdar Gulgeldiýew Aşgabatda ýaşaýan intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG