Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yragyň territoriýasynda amerikan bazalary azalýar


Yragyň territoriýasynda diňe 20 amerikan bazasy we daýanç nokady galdy. Urşuň gazaply gidýän döwri olaryň sany 500-den hem aňyrdady diýip, Yragyň hökümetinin wekili Aly al-Dabbag aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Yrakdan amerikan goşunlaryny çykarmak öňki plan boýunça amala aşyrylar.

Amerikan goşunlary şu ýylyň ahyryna çenli Yragy terk etmeli. Ýöne Yragyň howpsuzlyk güýçlerini taýýarlamak üçin amerikan harbylarynyň belli bir böleginiň bu ýurtda galmagy mümkin.
XS
SM
MD
LG