Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aziýa ösüş bankynyň wekili “Täze Ýüpek ýoly” barada


Aziýa ösüş bankynyň Günbatar we Merkezi Aziýa departamentiniň baş müdiri Juan Miranda
Aziýa ösüş bankynyň Günbatar we Merkezi Aziýa departamentiniň baş müdiri Juan Miranda
“Täze Ýüpek ýoluny” döretmek baradaky diskussiýalar soňky döwürlerde Waşingtonda barha möwjeýär. Planlaşdyrylýan bu proýekt bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir bu proýekte gatnaşýan Aziýa ösüş bankynyň (ADB) Günbatar we Merkezi Aziýa departamentiniň baş müdiri Juan Miranda bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Soňky döwürlerde “Ýüpek ýoly” inisiatiwasy barada örän köp gürrüň edilýär. Birleşen Ştatlar bu proýektde Owganystanyň esasy roly oýnamagyny isleýär. Owganystany öz içine alýan we Aziýa ösüş banky tarapyndan goldanylýan uly proýektlerden biri hem “Transowgan” gazgeçirijisidir. Eýse, agzalýan inisiatiwa bu gaz turbasyny hem öz içine alýarmy?

Juan Miranda: “Transowgan” gaz proýekti bu inisiatiwanyň, elbetde, bir bölegi bolup durýar. Bu uzak möhletleýin, emma juda bähbitli proýektlerden biridir. Haçan-da bu gurulsa, oňa asyryň iş ylalaşygy diýip baha berse bolar. Hindistanyň premýer-ministriniň aýdyşy ýaly, bu parahatçylygyň proýektidir. Bu regionara proýektleriň arasynda iň ulusy we göze ilýäni. Bu Owganystanyň we Pakistanyň energiýa howpsuzlygyny, ösüp barýan we ykdysady bazara eýe bolan Hindistany-da goşmaça energiýa serişdesi bilen üpjün eder.

Bu şol turbany gaz bilen üpjün etjek Türkmenistan üçin hem juda peýdaly. Ýagny, ol Türkmenistana öz energiýa eksportyny köp ugurly etmek boýunça ýene bir mümkinçilik döreder, ýagny energiýa eksporty boýunça Aşgabada dördünji gapyny açar. Bu düyşdäki ýaly bir proýektdir.

Azatlyk Radiosy: Düşnükli, ýöne bu proýekt boýunça 10 ýyl gowrak bäri iş alnyp barylýar, emma gurluberenok?


Juan Miranda: Elbetde, bu gaty kyn proýekt, ony amala aşyrmak aňsat däl, ony gurmak arzanam däl. Ony amala aşyrmaga ýyllap wagt gerekdigi şübhesiz. Emma bu region barada gürrüň etsek, ol ýerde iş alyp barmak üçin aýgytlylyk gerek. Ikinjiden hem, umydy ýitirmeli däl. Şol proýekti amala aşyrmak adamy aýa çykarmak ýaly diýmäýin welin, ýöne aňsat däl. Emma bu juda gowy proýekt, şonuň üçin ony amala aşyrmak aňsat bolmasa gerek.

Azatlyk Radiosy: Häzirki döwürde siz bu işiň haýsy basgançagynda?

Juan Miranda: Biz häzirki döwürde gazyň bahasy barada ylalaşmak üçin diskussiýalar geçirýäris. Bu ugurda uly üstünlikler gazanyldy. Men bu barada häzirki döwürden başlap, ýylyň aýagyna çenli ylalaşyga gelner diýip, umyt edýärin. Ondan soňra biz bu proýekti gurjak, ony işletjek kompaniýanyň gözlegine çykmaly. Bu meselede netije gazanylandan soňra, ony gurmak üçin maliýe serişdelerini tapmagyň aladasy bilen bolmaly. Meniň pikirimçe, ol kyn zat däl.
XS
SM
MD
LG