Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda söweş tuglary gowşuryldy


19-njy oktýabrda “Oguzhan” prezident köşkler toplumynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň söweş tuglaryny ýokary okuw jaýlarynyň, harby bölümleriň we kanun goraýjy organlaryň düzümlerine gowşurandygyny TDH ýazýar.

Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Berdiýew prezidente hasabat berenden soň, prezidentiň elinden baýdak alan komandirleriň dyza çöküp, harby kasama wepalylygyň nyşany hökmünde mukaddes tuguň gyrasyny ogşandyklary habarlarda aýdylýar.

19-njy oktýabrda Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygana gabatlap, Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda türkmen paýtagtynda täze obýektleriň açylyş dabarasy dowam etdi diýip, türkmen mediasy habar berýär.

Durky täzelenenden soň, Bitarap Türkmenistan şaýolunyň-awtomagistralynyň ulanmaga berlendigi, “Çagalar dünýäsi” söwda-şüweleň merkeziniň, sportuň gyşky görnüşleri boýunça toplumynyň açylyş dabaralarynyň bolandygy habarlarda aýdylýar.
XS
SM
MD
LG