Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystana ugradylan gazak kömürinde radiasiýa uly


Gazagystanyň Gyrgyzystana ugradan 8,000 tonna kömrüniň düzümindäki radiasiýanyň derejesi kabul edilen normadan 7-8 esse ýokary bolupdyr. Bu barada gyrgyz parlamentiniň deputaty Raýkan Tologonow aýdýar.

Tologonowyň sözlerinde görä, mundan ozal hem Gazagystan Gyrgyzystana radiasiýaly kömür iberipdir. Ol geçen ýyl Gazagystanyň Kulan käninden gelen kömürde radiasiýanyň derejesiniň bolmalsyndan 12-15 esse ýokary çykandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG