Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjanda çet ýurtlular az aýlyga işleýärler


Alyýewiň sözlerine görä, hytaýly işçiler azerbaýjanly iş berýänleriň köpüsi üçin amatly. Sebäbi olar az aýlyga işlemäge taýýar.
Alyýewiň sözlerine görä, hytaýly işçiler azerbaýjanly iş berýänleriň köpüsi üçin amatly. Sebäbi olar az aýlyga işlemäge taýýar.
Azerbaýjanyň günbataryndaky Mingaçewir gidroelektrik stansiýasy Ikinji jahan urşundan birnäçe ýyl soňra, daşary ýurtlularyň kömegi bilen işläp başlapdy. Onuň gurluşygyna 10 müň çemesi germaniýaly tussag mejbury gatnaşdyrylypdy.

Şondan 70 ýyl soňra bu gidroelektrik stansiýasynda ýene-de daşary ýurtlularyň arzan işçi güýji ulanylýar. Bu gezek ol ýerde hytaýdan gelen bikanun zähmet migrantlary işleýärler. Olar guluňky ýaly şertlerde zähmet çekýändiklerini aýdýarlar.

Berk goralýan Mingaçewir gidroelektrik stansiýasynda 130 çemesi zenan we erkek adam işleýär. Ol ýerde agyr şertlerde işleýänleriň arasynda gorky giň ýaýran we olar terjimeçi bolan wagtynda hem stansiýadaky durmuş barada az gürleýärler.

Hytaýlylar bu ýerdäki gurluşygyň ähli agyr işini edýärler. Olar her gün we köplenç artykmaç sagat işleýärler. Bularyň biri öz toparynyň daňdan sagat 3-de öz işleri barada hasabat bermäge taýýardygyny aýdýar. Olar žurnalistler bilen gepleşseler, hytaýly başlyklary azeri dolandyryjylaryna habar berýärler.

Azerbaýjanda migrant işçiler köp. Olaryň köpüsi öňki sowet respublikalaryndan, esasanam Merkezi Aziýadan.

Resmi sanlar we kanunlar

Azerbaýjanly ekspertleriň pikiriçe, resmi sanlara görä, daşary ýurtly işçileriň sany juda az. Ýurduň Zähmet ministrliginiň berýän maglumatyna görä, häzir Azerbaýjanda işlemäge rugsady bolan 9,163 sany çet ýurtly bar. Olaryň 595-si hytaýly. Azerbaýjanyň zähmet migrantlary baradaky kanunyna görä, daşary ýurtlularyň işlemäge resmi rugsady bolmaly we olar döwlete bir müň dollardan gowrak töleg tölemeli.

Synçylaryň köpüsi daşary ýurtly işçileriň sanynyň has-da köp bolmagynyň mümkindigini ykrar edýärler we olary işledýänler köp migrantlary gizleýärler. Hatda olar, eger şol migrantlar bilinse, özleriniň jerime tölemek töwekgelçiligine garamazdan, olary saklamak isleýärler.

Alowsat Alyýew Bakuwda ýerleşýän hökümete degişli bolmadyk migrasiýa merkeziniň başlygy. Onuň sözlerine görä, hytaýly işçiler azerbaýjanly iş berýänleriň köpüsi üçin amatly. Sebäbi olar az aýlyga işlemäge taýýar.

“Eger döwletiň Migrasiýa gullugy bikanun we resmi rugsatsyz işleýän haýsy-da bolsa bir daşary ýurtlyny anyklasa, olary işledýänler döwlete 30 müň manat, ýagny 38 müň amerikan dollaryndan gowrak jerime tölemeli. Şonuň ýaly-da, olar bu bikanun iş üçinem jogap bermeli” diýip, Alyýew aýdýar.

Mingaçewir gidroelektrik stansiýasynda işleýän hytaýlylar näçe aýlyk alýandyklaryny aýtmadylar. Emma başga ýagdaýlarda olar ýerli işçileriň aýlygynyň üçden bir bölegindenem az alýarlar. Ýagny, käte gününe 3 ýa-da 4 dollar gazanýarlar.

Kim jogap berýär?

Azerbaýjanyň Zähmet ministrliginiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, bu gidroelektrik stansiýanyň gurluşygyna jogap berýän “Azerenergy”edarasy daşary ýurtly işçiler üçin haýsy-da bolsa bir lisenziýa soramandyr. “Azerenergy” edarasy Azatlyk Radiosy bilen gepleşmekden ýüz öwürdi.

Hökümete degişli bolmadyk migrasiýa merkeziniň başlygy Alyýewiň sözlerine görä, Azerbaýjanyň Içeri işler ministrliginiň adam gaçakçylygyna garşy göreşýän departamentiniň delegasiýasy Mingaçewir gidroelektrik stansiýasyndaky ýagdaýlar barada derňew geçirmek üçin ol ýere sapar edipdir. Emma delegasiýa stansiýadan bary-ýogy 37 sany hytaýlyny tapandyklaryny habar berdi. Olar iş rugsadyna garaşýarlar.

Ýöne ne Içeri işler, ne Zähmet ministrligi, ne-de döwletiň Migrasiýa gullugy bikanun hytaýly işçileriň meselelerine kimiň jogap berýändigini anyk aýdyp bildi.

“Bu döwlet organlarynyň ählisi resmi rugsady bolmadyk daşary ýurtly işçiler barada örän gowy bilýärler. Ýöne ýurtda işçileri bikanun ezýänleriň jezalandyryljakdygyna kepil geçýän syýasy erk ýok” diýip, Alyýew aýdýar.

Daşary ýurtlularyň arzan işçi güýjüne talap haçanda köp azerbaýjanly iş gözläp, daşary ýurtlara ýola rowana bolýan wagty döreýär.

Zähmet kanuny boýunça ekspert Sahib Mämmedowyň pikiriçe, resmiler Azerbaýjanyň zähmet bazarynyň talaplaryna juda az düşünýärler: “Daşary ýurtlularyň işleýän ýerleriniň köpüsinde azerbaýjanlylar hem işläp bilerdiler. Emma biz iş ýüzünde ýerli iş berýänler üçin günorta-gündogar aziýalylaryň has amatlydygyny görýäris. Sebäbi olar az aýlyga işleýärler”.
XS
SM
MD
LG