Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maslahaty geçirildi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmen metbugaty Türkmenistanyň prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň baş serkerdesi, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2-nji noýabrda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme maslahatyny geçirendigini habar berdi.

Türkmenistanyň Graždan goranyşy we halas ediş işleri boýunça baş edarasynda maslahaty açyp, döwlet baştutany Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen baýramçylyk çäreleriniň ýokary derejede bolandygyny belledi. Ol Döwlet howpsuzlyk geňeşine agza ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňledi diýip, türkmen mediasy habar berýär.

Teswirlemede bellenişi ýaly, ilkinji bolup Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary we milli howpsuzlyk ministri Ýaýlym Berdiýew çykyş edip, ýurtda alnyp barylýan giň möçberli harby reformanyň gidişi barasynda gürrüň berdi. Berdimuhamedow bu edaranyň ýurtdaky oňaýly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýyň saklanyşyna berk kontrollyk etmelidigini belledi.

“Goňşy ýurtlaryň ählisi bilen biziň serhetlerimiz elmydama hoşniýetli goňşuçylyk serhetleri bolmalydyr” diýen prezident goranmak ministrine esgerleriň harby taýýarlygyny, olaryň ýaşaýyş hem durmuş şertlerini doly gurnamagy tabşyrdy.

Prezident Baş prokuror Ýaranmyrat Ýazmyradowyň hasabatyny diňläp, öz işini bilýän ýokary hünärli kadrlary saýlap almaga mundan beýlägem üns bermegi tabşyrdy. Berdimuhamedowyň sözlerine görä, kanunçylygy berjaý edýän bu edarada bilimli, arassa, kanunlaryň hemme zatdan ýokarylygy prinsipine wepaly adamlar işlemeli, içeri işler ministri, onuň ýolbaşçylyk edýän edarasy bolsa graždanlaryň kanuny hukuklaryny hem azatlyklaryny gyşarnyksyz berjaý etmeli.

“Berdimuhamedow geçirilýän hukuk reformalaryna uly ähmiýet berip, prezident ynsanyň bagty we abadançylygy döwlet derejesinde iň ileri tutulýan ýurtda sud organlarynyň işi gönüden-göni Türkmenistanyň syýasatynyň maksatlaryna we wezipelerine bap gelmelidir diýip nygtady” diýip, türkmen mediasy habar berýär.

Migrasiýa gullugynyň işi bilen bagly ýurda gelýän daşary ýurt graždanlarynyň sanynyň yzygiderli artýanlygyny belläp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň başlygy bu ýagdaýyň Türkmenistana dünýä jemgyýetçiliginiň gyzyklanmasynyň barha güýçlenýändiginiň subutnamasydygyny belledi. Ýöne döwlet baştutany bu gullugyň öňünde borçlaryndan we ygtyýarlyklaryndan gelip çykýan gaýragoýulmasyz ençeme wezipäniň durandygyny aýtdy.

Baýramçylygyň yz ýany Türkmenistanyň prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşinde çykyş eden çinownikleri “Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna” diýen ýubileý medaly bilen sylaglap, kanun goraýjy we harby organlaryň ýolbaşçylarynyň harby çinlerini galdyrypdy.
XS
SM
MD
LG