Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kredit sistemasy G-20 sammitiniň gün tertibinde


Fransiýanyň Kanna şäherinde penşenbe güni açylan G-20 toparynyň sammiti öz işini dowam etdirdi. Seredilýän esasy meseleleriň biri - Halkara pul gaznasynyň ykdysady kynçylyklary çekýän döwletler üçin gysga wagtlyk kredit sistemasyny döretmek teklibi barada.

Ilki başda, sammitiň dowamynda dünýäniň ykdysady gurluşynyň reformalaşdyrylmagyna, şeýle-de spekulýatiw kapitallaryň akymyny saklamak ýaly meselelere seretmek planlaşdyrylypdy. Emma Ýewropada dowam edýän bergi krizisi, hususan-da Gresiýadaky ýagdaý gün tertibindäki meseleleriň üýtgemegine getirdi.
XS
SM
MD
LG