Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günorta Osetiýada saýlawlaryň ikinji tapgyry geçiriler


13-nji noýabrda separatistik Günorta Osetiýada geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyryna ýurduň öňki bilim ministri Alla Jioýewa bilen ýurduň adatdan daşary ýagdaýlar ministri Anatoliý Bililow gatnaşarlar.

Deslapky maglumatlara görä, olaryň ikisi hem sesleriň takmynan 24% çemesini gazanypdyrlar. Bu saýlawlara ses bermäge hukugy bolan saýlawçylaryň 66%-niň gatnaşandygy aýdylýar.

Günorta Osetiýanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň ýolbaşçysy Belle Pliýewa saýlawlaryň ikinji tapgyrynyň 15 günden soň geçiriljekdigini aýtdy.

Şeýle hem 13-nji noýabrda prezidentlik saýlawlary bilen bir hatarda Günorta Osetiýada rus diliniň hukuk durumy barada referendum geçirildi. Saýlawçylaryň köpüsi Günorta Osetiýada rus diliniň ikinji döwlet dili hökmünde ykrar edilmegi bilen ylalaşdylar.
XS
SM
MD
LG