Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Altyn çaýylan heýkel täze ýerde orun tapdy


Göçürilip, täzeden dikeldilýän Bitaraplyk binasynyň beýikligi 95 metr bolmaly.
Göçürilip, täzeden dikeldilýän Bitaraplyk binasynyň beýikligi 95 metr bolmaly.
Il içinde “Üç aýak” ady bilen meşhur bolan Bitaraplyk binasy geçen ýyl sökülip, täze ýere göçürilmeli edilipdi.

1998-nji ýylda Aşgabadyň taryhy merkezi diýlip häsiýetlendirilen raýonda gurlan bu bina Bitaraplyk prospektiniň aýak ujuna göçürilýär. Bu gurluşygy öňki Bitaraplyk binasyny guran “Polimeks” türk kompaniýasy alyp barýar.

Bu bina özüniň çür depesindäki Saparmyrat Nyýazowyň 12 metrlik altyn çaýylan heýkeli bilen meşhurdy. Geçen ýyl bu bina göçürilip başlananda, bu ýadygärlik täze göçürilen binada bolmaz diýen çaklamalar bardy. Bu binanyň türkmen telewideniýesinde görkezilen täze proýektinde hem Nyýazowyň heýkeli ýokdy.

Emma ýakynda Bitaraplyk prospektiniň aýak ujuna göçürilýän Bitaraplyk binasynyň çür depesinde ýene-de Saparmyrat Nyýazowyň ellerini gerip, güni garşylaýan altyn çaýylan heýkeli peýda boldy.

Bu ýagdaýy yzagaýdyşlyk diýip hasaplaýan aşgabatly intelligensiýa wekili Resul Seýidow şeýle diýdi:

—Nyýazowyň heýkeliniň dolanyp gelmegi ýurtdaky syýasy ýagdaý bilen gönüden-göni bagly. Ilkibada Nyýazowyň heýkeli goýulmaly däl edilende, adamlar Nyýazowyň heýkelleriniň aýrylmagy bilen onuň dolandyran syýasy režimi hem ýok bolup gider diýip, umyt edipdiler. Emma soňky döwürde ýurtda dörän syýasy ýagdaý bu umytlary puja çykardy. Nyýazowyň heýkeliniň dikeldilmegi simwolik ähmiýete eýe. Ol hökümetiň syýasy ugrunyň haýsy tarapa öwrülýändigini görkezýär.

Saparmyrat Nyýazowyň elini gerip duran heýkelini üstünde saklan Bitaraplyk binasy Aşgabadyň “wizit kartoçkasy” hasaplanýardy. Bitaraplyk binasynyň suratyny dürli neşirlerde görmek bolýardy.

Bu gurluşygy öňki Bitaraplyk binasyny guran “Polimeks” türk kompaniýasy alyp barýar.
Bu gurluşygy öňki Bitaraplyk binasyny guran “Polimeks” türk kompaniýasy alyp barýar.


Bina sökülensoň, onuň şekili türkmen telewideniýesiniň Watan informasion programmasynyň başdaky giriş sýužetinde saklanyp galdy. Bu binanyň fotosuraty daşary ýurt turistik kompaniýalarynyň web saýtlarynyň Türkmenistan degişli sahypalarynyň ählisinde diýen ýaly bar.

Turistik kompaniýanyň işgäri, Aşgabadyň 34 ýaşly ýaşaýjysy Aman Kakalyýew bu binanyň daşary ýurt syýahatçylarynda uly gyzyklanma döredýändigini aýdyp, şeýle diýdi:

—Saparmyrat Nyýazowyň heýkeliniň aýlanyp durmagyny ýa-da onuň elini gerip durmagyny görmäge höwes bildirýän turistler az däl. Turistler bu heýkele men-menlige we totalitarizme goýlan ýadygärlik hökmünde garaýarlar. Biz bu bina türkmen halkynyň masgaraçylygy hökmünde garaýan bolsak, olar bu bina ekzotika hökmünde garaýarlar. Gynansakda, Garaşsyzlyk döwrümizde düzüwli arhitektura eserini döredip bilmedik.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2010-njy ýylyň 18-nji ýanwarynda gol çeken kararyna laýyklykda, Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Bitaraplyk binasyny söküp göçürmek boýunça işler şu ýylyň mart aýynda başlanmalydy. Şeýle-de, bu karara laýyklykda, täze Bitaraplyk binasynyň gurluşugyny amala aşyrmak üçin Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga Aşgabat şäheriniň häkimligine ygtyýar berilipdi.

Göçürilip, täzeden dikeldilýän Bitaraplyk binasynyň beýikligi 95 metr bolmaly. Ol öňki binadan 20 metr uly bolar. Türkmenistan 1995-nji ýylda bitaraplyk statusyny aldy. Täzeden dikeldilýän Bitaraplyk binasy şu ýylyň 12-nji dekabrynda Bitaraplyk baýramynda açylmaly.
XS
SM
MD
LG