Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Mýanmarda oppozisiýa lideri bölekleýin saýlawlara gatnaşar


Mýanmarda oppozision partiýanyň lideri Aun San Su Çi ýurtda geçiriljek bölekleýin saýlawlara gatnaşjakdygyny mälim etdi.

Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi Su Çi soňky gezek 1990-njy ýylda geçirilen saýlawlara gatnaşypdy. Şonda onuň ýeňşi ýurduň başyndaky harbylar tarapyndan ykrar edilmändi.

Generellar öz garşydaşlaryny ýurduň syýasy durmuşyndan 20 ýyla golaý wagtlap çetleşdiripdi. Su Çi öý tussaglygynda saklanýardy. Geçen ýyl onuň öý tussaglygy ýatyryldy.

Geçen anna güni Su Çiniň partiýasy ýurduň syýasy ugruny boýkotirlemegi bes edýändigini mälim etdi.

Dekabr aýynda Hillari Klintonyň Mýanmara sapar etmegine hem garaşylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG