Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Interneti bogýanlar ýene üns merkezinde


Farid Tuhbatullin: “Türkmenistanda internetiň ösdüriljekdigi barada wada berlenine 5 ýyl çemesi wagtyň geçendigine garamazdan, internet boýunça ýagdaýlar kän bir özgermedi we biz senzurany görýäris".
Farid Tuhbatullin: “Türkmenistanda internetiň ösdüriljekdigi barada wada berlenine 5 ýyl çemesi wagtyň geçendigine garamazdan, internet boýunça ýagdaýlar kän bir özgermedi we biz senzurany görýäris".
Golaýda hökümete degişli bolmadyk “Adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlyk” guramasy, Gollandiýanyň “Helsinki komiteti”, Gazagystanyň “Adam hukuklary we kanunyň dabaralanmagy baradaky” halkara edarasy, adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy” guramasy we Özbegistanyň “Adam hukuklaryny goraýjylarynyň inisiatiwa” topary Merkezi Aziýada internetiň ýagdaýy barada hasabat ýaýratdylar. Onda regiondaky senzura, internete gözegçilik we täze medianyň beýleki problemalary barada gürrüň edilýär.

Bu hasabatda, hususan-da, Türkmenistanda, Özbegistanda we Gazagystanda senzura, internete gözegçilik we beýleki täze medianyň problemalary barada habar berilýär.

“Bu ýurtlarda häkimiýetler internetiň we beýleki aragatnaşyk tehnologiýasynyň ulanylyşyna berk gözegçilik edýärler hem olary çäklendirýärler, ‘süzgüçden geçirýärler’. Olar özleriniň halamaýan maglumatlarynyň ilata elýeterliligini baglaýarlar, resmi syýasatlaryny tankytlaýan maglumaty çap edýän ýa-da olary paýlaşýan websaýtlara we interneti ulanyjylara basyş edýärler” diýip, bu bäş gurama öz hasabatynda belleýär.

Guramalaryň aladalary

Şol raporty taýýarlanlaryň biri, Wenada iş alyp barýan “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň başlygy Farid Tuhbatullin bu täze raportyň häzir ýaýradylmagy barada şeýle diýdi: “Biz bu gezek söz we internet azatlygy boýunça barlag işlerini geçirdik. Şonuň netijesinde-de üç döwlet barada bilelikde syn taýýarladyk. Häzir biz Brýusselde duşenbe we sişenbe günleri öz taýýarlan synymyzy Ýewropa parlamentine hem Ýewropanyň bu şäherdäki beýleki guramalaryna hödürlemekçi. Biz metbugat brifingini hem geçirmekçi”.

Hasabat ýaýradan bu bäş sany halkara we regional guramanyň maglumatyna görä, Merkezi Aziýanyň bu üç döwleti internete we beýleki täze media serişdelerine garşy repressiýalaryny “ekstremizme” we “ýykgynçylykly güýçlere” garşy göreş çäresi hökmünde delillendirmäge çalyşýarlar. Emma, hasabatyň awtorlarynyň pikirine gorä, hakykatda bu “göreş çäreleri” diýilýän zat erkin çykyşlary bogmak çärelerini durmuşa geçirmek we bu ýurtlaryň hökümetleriniň häkimiýet başynda galmagyny üpjün etmek üçin ulanylýan bir delil.

Farid Tuhbatulliniň pikiriçe, häzirki türkmen häkimiýetleriniň ilkibaşdan internetiň giňden ulanylmagyny gazanmakçydyklaryny aýdandyklaryna garamazdan, Türkmenistanda bu ugurda kän bir öňegidişlik göze ilmeýär.

Ýurtlardaky meňzeşlikler

Farid Tuhbatullin: “Türkmenistanda internetiň ösdüriljekdigi barada wada berlenine 5 ýyl çemesi wagtyň geçendigine garamazdan, internet boýunça ýagdaýlar kän bir özgermedi we biz senzurany görýäris. Türkmenistanda internetdäki käbir saýtlaryň baglanandygy üçin, interneti ulanyjylar köpüsi daşary ýurt saýtlarynyň köpüsine girip bilmeýärler. Internetiň tizligi-de ol ýerde gowşak. Internet prowaýderleriniň arasynda bäsdeşlik ýok. Bu zatlaryň ählisi Türkmenistanda interneti ulanmak azatlygyny, maglumat alyş-çalşygyny we olaryň ýaýradylmagyny berk çäklendirýär” diýdi.

Täze hasabaty taýýarlanlaryň biri, Özbegistanyň “Adam hukuklaryny goraýjylarynyň inisiatiwa” toparynyň başlygy Surat Ykramowyň aýtmagyna görä, Özbegistanda-da internetiň ýagdaýy gözgyny.

“Özbegistanda köp websaýtlar baglanan. Bizde garaşzyz internet prowaýderleri ýok” diýip, Surat Ykramow belleýär. Emma ol ministrlikleriň we döwlet edaralarynyň internet saýtlarynyň bardygyny-da belläp, “Ýöne, maglumat almaga gezek gelende, olar örän az habar berýärler. Olar adam hukuklary we sosial meseleler bilen bagly mohum maglumatlary öz saýtlarynda goýmaýarlar” diýdi.

Gazagystandaky ýagdaýlar barada aýdylanda, hökümete degişli bolmadyk bu bäş guramanyň maglumatyna görä, Gazagystanyň häkimiýetleri-de internete gözegçilik etmekde we ondaky materiallary “süzgüçden geçirmekde”, köplenç, öz goňşy ýurtlaryndaky mehanizmlere meňzeş mehanizmleri ulanýarlar. Hasabata laýyklykda, häkimiýetler özlerini tankytlaýjy maglumatlary çap edýän saýtlary yzygiderli baglaýarlar. Mysal üçin, “2011-nji ýylyň oktýabrynda 100-den gowrak websaýt baglandy” diýip, hökümete degişli bolmadyk bäş gurama öz raportynda belleýär.

Häzir Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň haýal internet Türkmenistanda diýip, dünýäde internetiň tizligi boýunça barlag geçiren Amerikanyň “Pando Networks Faýl” alyş-çalyş gullugy aýdýar. Ortaça tizlik dünýä boýunça sekuntda 580 kilobaýt bolsa, bu görkeziji Türkmenistanda ortaça 72-ä, Özbegistanda 73-e deňdir.
XS
SM
MD
LG