Olimpiýa oýunlarynda Merkezi Aziýadan ilkinji bolup gazagystanly Aleksandr Winokurow tigir sürmekde altyn medal aldy. Şeýle-de gazagystanly ştangaçy zenan Zulfiýa Çinşanlo 29-njy iýulda dünýä rekordyny täzeläp, altyn medal gazandy.
Siriýanyň iri şäherlerinden biri bolan Aleppo (Halap) şäherindäki gozgalaňçylaryň we onuň ýaşaýjylarynyň aýtmaklaryna görä, olar hökümet güýçleriniň garaşylýan köpçülikleýin hüjümine gaşy durmaga taýýarlyk görýärler. Gozgalaňçylaryň käbir liderleri özleriniň eýýäm Aleppo şäheriniň ýarpysyna golaýyna gözegçilik edýändiklerini aýdýarlar.
Azerbeýjan türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak üçin guruljak “Transhazar” gaz geçirijisiniň gurluşygyna maýa ýatyrmagy planlaşdyrmaýar. Azerbeýjanyň senagat we energiýa ministri Natik Aliýewiň 26-njy iýulda žurnalistlere aýdan sözlerine görä, “Transhazar” gaz geçirijisi ýakyn wagtda gurulmaz.
Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon hökümet güýçleri bilen gozgalaňçylaryň arasynda turan çaknyşygyň bes edilendigini aýdýar.
“Regionyň ykdysady perspektiwalary” atly hasabatda 2013-nji ýylda käbir postsowet ýurtlarynyň ykdysady ösüşiniň peseljekdigi duýdurylýar.
Bütindünýä bankynyň 17-nji iýulda ýaýradan hasabatyna görä, häzirki wagtda dünýäniň ilatynyň dörtden üç bölegine mobil telefon elýeterli bolupdyr.
Ozalky ilci prezident Başar al-Assadyň režimi häkimiýet başynda galmak üçin himiki ýaraglary ulanmakdan hem gaýtmaz diýýär.
Orsýetiň parlamentiniň aşaky öýi daşary ýurtlar tarapyndan maliýeleşdirilýän özbaşdak guramalar baradaky täze kanunyň taslamasyny tassyklady.
Türkmenistan daşary ýurt maýadarlarynyň ünsüni iň köp çeken 10 döwletiň arasyna girdi. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we Ösüş konferensiýasynyň ýaýradan hasabatynda aýdylýar.
Türkmenistanda websaýtlar näme üçin we nähili proseduralar esasynda petiklenýär? Bu soragy azeri bloggeri, aktiwist Ali Nowruzow türkmen resmilerine berdi.
Berdimuhamedow Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilýän halkara konferensiýa gatnaşýar. Ol Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak barada gürrüň eder.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň käbir raýatlary Azatlyk Radiosyna beren interwýularynda türkmen-özbek serhedinden geçmekde kemçilikleriň dowam edýändigini aýdýarlar.
ICSID “Kylyç Inşaat” kompaniýasynyň 2009-njy ýylyň ahyrynda türkmen hökümetiniň üstünden eden şikaýaty bilen bagly deslapky kararyny ýaýratdy.
Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň hökümetleri iki ýurduň paýtagtlarynyň arasynda uçar gatnawyny ýola goýmak barada maslahat edýärler.
Duşenbe şäherinde Türkmenistanyň “Balkan” futbol toparynyň baş treneri Aman Meredow žurnalister üçin metbugat konferensiýasyny berdi. “Balkan” AFK-niň prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky saýlap-seçiş oýunlaryna gatnaşýar.
Orsýetiň “Sistema” maliýe paýdarlar korporasiýasynyň başlygy Wladimir Ýewtuşenkow geljek 3-6 aýyň aralygynda MTS-iň hyzmatlarynyň Türkmenistanda täzeden ýola goýuljakdygyny aýdýar.
Türkmenistanyň üç gezek çempiony bolan “Balkan” toparynyň futbolçylary Täjigistanyň paýtagtyna bardylar. Olar AFK-niň prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky saýlap-seçiş oýunlaryna gatnaşarlar.
Penşenbe güni Ukrainada Çernobyl betbagtçylygynyň 26 ýyllygy bellenýär. 1986-njy ýylyň 26-njy aprelinde bu atom elektrik stansiýasynda tehniki heläkçilik ýüze çykanda, Ukraina, Belarusa we beýleki ýewropa ýurtlaryna howply radiasiýa ýaýrapdy.
23-nji aprelde geçirilen maslahatda prezident G.Berdimuhamedow Ahal welaýatynda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginini berk tankytlady.
Gazagystanyň günortasyndaky mugallymlar zähmet haklarynyň ýerine gök önüm almaga mejbur edilýärler. Mundan öň özbek mugallymlaryna hem lukmanlaryna aýlyk haklarynyň bir böleginiň deregine jüýjeleriň paýlanandygy habar berlipdi.
Ýene-de ýükle