Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

30-njy noýabrda Aşgabatda ýokary derejeli duşuşyk bolar


30-njy noýabrda Aşgabatda “BMG-niň Merkezi Aziýada terrorizme garşy global strategiýasyny amala aşyrmak” proýekti boýunça ýokary derejeli duşuşyk bolar.

BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça regional merkeziniň press-relizinde bellenişine görä, maslahata Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň, şeýle-de Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Hytaýyň, Hindistanyň, Eýranyň, Norwegiýanyň, Pakistanyň, Orsýetiň, Türkiýäniň, ABŞ-nyň ýokary derejeli wekilleri, BMG-niň, Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri gatnaşarlar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça deklarasiýa kabul etmek planlaşdyrylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG