Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Makedoniýada ozalky içeri işler ministrine ýedi ýyl kesildi


Sişenbe güni Makedoniýanyň sudy ýurduň ozalky içeri işler ministri Lýube Boşkowskiýi saýlaw kampaniýasyny bikanun maliýeleşdirmekde günäli tapyp, ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Suduň çykaran netijesine görä, çepçi “Makedoniýa üçin Birleşik” partiýasynyň lideri Lýube Boşkowskiý 5-nji iýunda geçirilen parlament saýlawlarynda maliýeleşdirmegiň bikanun görnüşlerini ulanypdyr.

Boşkowskiý özüne ýöňkelen aýyplamalary inkär edip, suduň çykaran bu hökümine garşy şikaýat suduna ýüz tutjakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG