Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hillari Klinton Mýanmara ilkinji gezek sapar edýär


Çarşenbe güni ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton soňky 50 ýylda ilkinji gezek Mýanmara resmi sapara bardy.

Taryhy hasaplanýan üç günlük saparynyň barşynda Hillari Klinton ýurduň resmileri hem-de oppozisiýanyň wekilleri bilen duşuşyp, gepleşik geçirer diýlip garaşylýar.

Geçen ýyl Mýanmarda onlarça ýyllaryň dowamynda ýurdy dolandyran harbylar häkimiýeti graždan hökümetine tabşyrypdy.

Şondan soň ýurtdaky syýasy tussaglar, oppozisiýanyň wekilleri, şol sanda oppozisiýanyň lideri Aun San Su Çi hem azatlagy goýberildi.
XS
SM
MD
LG