Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsürde saýlawlaryň resmi netijelerine garaşylýar


Müsürde parlament saýlawlarynyň ilkinji tapgyrynyň resmi netijeleriniň yglan edilmegine garaşylýar. Onda yslamçy “Azatlyk we Adalat” partiýasy öňdeligi eýeleýär.

Bu partiýa öňki prezident Mübäregiň döwründe gadagan edilen “Musulman doganlary” hereketine daýanyp, täze parlamentde azyndan 45 orna umytda.

Täze döredilen “Al Nur” partiýasy 20-den gowrak orna umyt edýär. Anna güni müsürli aktiwistler juma namazyndan soňra Tahrir meýdançasynda protest geçirip, wagtlaýyn harby ýolbaşçylaryň tizden-tiz häkimiýetden gitmegini talap etmäge çagyrdylar.

Şeýle-de, bular golaýda howpsuzlyk güýçleri bilen Kairde bolan çaknyşyklarda ölenleri ýatlamagy göz öňünde tutýarlar. Şol çaknyşyklarda 42 adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG