Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara Owganystan konferensiýasy açylýar


BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý bilen Bonnda, 4-nji dekabr.
BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý bilen Bonnda, 4-nji dekabr.
Şu gün Germaniýanyň Bonn şäherinde Halkara Owganystan konferensiýasy açylýar. Bu ýerde 2014-nji ýylda NATO-nyň harbylary Owganystandan çykarylandan soňra ýurdy ösdürmek barada gürrüň ediler.

Konferensiýa 85 ýurduň, 16 sany halkara guramanyň wekilleri gatnaşýarlar. Olaryň arasynda prezident Hamid Karzaý, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton, Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi hem bar.

Geçen hepde Pakistan bu konferensiýa gatnaşmakdan ýüz öwürdi.

Prezident Hamid Karzaý Germaniýanyň “Şpigel” žurnalyna beren interwýusynda öz ýurdunyň polisiýanyň, goşunyň we döwlet gurluşlarynyň işlerini ýola goýmak üçin 2024-nji ýyla çenli goşmaça maliýe kömegine mätäçdigini aýtdy.

Karzaý Pakistany “Talyban” bilen barlyşyk boýunça kömek etmek islemeýänlikde tankytlady.

Owganystan barada Germaniýada açylýan halkara konferensiýa Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem gatnaşjakdygyny resmi Aşgabat habar berdi.
XS
SM
MD
LG