Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tanymal sowet dissidenti Twýordohlebow aradan çykdy


Adam hukuklaryny goraýjy, öňki sowet dissidenti Andreý Twýordohlebow 70 ýaşynyň içinde ABŞ-da aradan çykdy. Bu barada ynsan hukuklaryny goraýjylar habar berdiler.

Bilimi boýunça fizik Twýordohlebow 60-njy ýyllarda jemgyýetçilik we adam hukuklary temasyndan makalalar ýazypdy. Ol wyždan ýesirlerini goramak boýunça petisiýalara-da gol goýupdy.

Twýordohlebow 1970-nji ýylda Andreý Saharow we beýleki dissidentler bilen birlikde SSSR-de adam hukuklary boýunça komiteti döredenleriň biri. Soňra ol sowet syýasy tussaglaryna kömek edýän ynsan hukuklary boýunça guramany esaslandyrdy.

Twýordohlebow 1975-nji ýylda Ýakutiýada tussag edildi we bäş ýyl azatlykdan mahrum edildi. Ol türmeden azatlyga çykandan soňra, SSSR-i terk etdi we Amerikadan başpena aldy.
XS
SM
MD
LG