Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň ilkinji nebit-gaz ministri bilen söhbet


Türkmenistanyň ilkinji nebit-gaz ministri Nazar Soýünow
Türkmenistanyň ilkinji nebit-gaz ministri Nazar Soýünow
Nebit-gaz söwdasy Türkmenistanyň döwlet girdejileriniň esasy böleginini düzýär we ol strategiýa taýdan ahmiýetli ugur. Türkmenistanyň 2011-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda yglan eden resmi sanlaryna göra, ýurduň tassyklanan gaz baýlyklarynyň umumy möçberi 25,213 trillion kubometrden ybarat. Şol bir wagtda-da ýurduň Günorta Ýolöten gaz ýatagynda anyklan gazyň möçberiniň maksimal derejesiniň 26 trillion kubometrden-de ýokary bolup biljekdigi çak edilýär. Türkmenistanyň yglan edýän bu sanlary Britaniýanyň “Gaffney Cline&Assosiates” kompaniýasynyň audit barlaglaryna esaslanýar.

Mundan daşgary Türkmenistan umumy energiýa baýlyklarynyň şertli möçberine degişli sanlary-da yglan etdi. Täze sanlar ozalkysyndan iki esse ýokary bolup, 71 milliard tonnadan aşýar. Bu görkezijiler Türkmenistanyň energiýa serişdelerine bütin dünýäde iň baý ýurtlaryň biridigini aňladýar.

Türkmenistanyň häkimiýetleriniň yglan edýän resmi pozisiýasyna görä, şu günki gün gaz eksportynyň möçberini çürt-kesik artdyrmak we munuň üçin köpugurly gazgeçiriji ýollaryna eýe bolmak hem-de öz tebigy gazyňy halkara bazarlaryna çykarmak ýurduň ileri tutýan maksadydyr.

Soňky ýyllarda Türkmenistan iki sany täze gazgeçirijini işe girizdi. 2009-njy ýylyň aýagyndan bäri Türkmenistan Hytaýa gaz satmak mümkinçiligine eýe boldy. 2010-njy ýylyň ýanwarynda türkmen gazynyň Eýrana ozalkysyndan has köp satylmagyna mümkinçilik döredi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Hytaýa, Eýrana we Orsýete gaz akdyrmagy üçin gazgeçirijiler bar. Üstesine-de, Türkmenistan Günorta-Gündogar Aziýanyň bazarlaryna çykmak üçin “Transowgan” gazgeçirjisiniň we Ýewropanyň gaz bazarlaryna çykmak üçin “Transhazar” gazgeçirijisiniň gurluşygy barada gepleşik alyp barýar.

Türkmenistan häzirki wagtda daşary ýurtlara näçe gaz satýanlygyny resmi derejede mälim etmeýär. Ýurtda näçe gazyň öndürilýänligi we haýsy ýurda näçeden satýanlygy hem köpçülik üçin ýapyk maglumat bolup galýar. Emma garaşsyz bilermenler we habar çeşmeleri türkmen gazynyň häzirki önümçilik we eksport derejesiniň ozalky ýyllardan ep-esli pesdigini aýdýarlar. Şeýle-de ýurduň täze gaz eksport ýollaryny gözleýärka we goşmaça gaz satmak barada täze ylalaşyklary baglaşýarka, öňden bar bolan mümkinçiliklerden hem doly peýdalanman gelýänligini aýdýarlar.

Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryna görä, eksportynyň möçberiniň-de çürt-kesik artmagyna we türkmen gazynyň halkara bazarlaryna çykmagyna şu günki gün näme päsgel berýär? Bu mesele bilen gyzyklanyp, Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynda 30 ýyldan gowrak wagtlap işlän, pudagyň öňki ýolbaşçysy, halkara energiýa proýektleriniň ençemesiniň awtory, ykdysadyýetçi alym we Türkmenistanyň ilkinji nebit-gaz ministri Nazar Soýünow bilen söhbetdeş bolduk. Ol häzir Moskwada ýaşaýar.

Azatlyk Radiosy: Nazar Toýlyýewiç, size berjek bolýan soraglarymyz iki meselä degişli: Türkmenistanyň gaz eksportynyň aýratynlyklaryna we ýurduň “Transhazar” proýekti baradaky pozisiýasyna. Birinji meseleden başlasak, şu günki gün köpleri gyzyklandyrýan sowallaryň biri – Türkmenistanyň gaz eksportynyň möçberiniň artmagyna we nebit-gaz pudagynyň netijeliligini ýurduň her bir raýatynyň hut öz şahsy durmuşynda duýup başlamagyna näme pasgel berýär? Siz bu barada näme pikirde?

Nazar Söýünow: Türkmenistan nebit-gaz pudagynyň mümkinçiliklerini görkezmek üçin halkara sergileri ýaly çäreleri geçirýär, ýokary derejeli saparlary amala aşyrýar. Emma netijelere garasak, ýurduň ykdysadyýetine daşardan bir köpük pul ýatyrylmaýar. Bu zatlar Türkmenistanyň energiýa syýasatynyň netijesizdigini görkezýär.

Meniň pikirimçe, esasy päsgelçilik Türkmenistanyň halkara derejesinde ykrar edilen düzgünlere eýermeýänliginde. Energiýa serişdeleri ähli ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň ugurlaryny kesgitleýji pudak bolup durýar. Şuny bilip, regional hem halkara ykdysady sistemalara aralaşmak zerur. Munuň üçin bolsa Türkmenistan gazyny öz serhedinde satmak ýaly özboluşly usullaryndan el çekmeli. Türkmenistan gazyny öz serhedinde dal-de, hyrydar ýurtlara eltip, şol ýerde satmaly. Şonda yurduň ykdysady gurluşy we ýurda bolan garaýyşlar hem üýtgär.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan tebigy gazyny öz serhedinde satmak usulyny mundan beýläk -de dowam etdirjegini ýakynda ýene-de tassyklady. Türkmen ýolbaşçylary muny noýbarda Aşgabatda geçirilen halkara energiýa konferenisýasynda nygtadylar. Nazar Toylyýewiç, Turkmenistanyň gazy serhetde satmak pozisiýasyna siz näme üçin garşy çykyş edýärsiňiz?

Nazar Söýünow: Gazy öz serhedinde satmak Türkmenistana ykdysady taýdan bähbitli däl. Sebäbi bu Türkmenistany onuň daşary ýurtly gaz hyrydarlarynyň bazarlaryndaky ýagdaýa garaşly edip goýýar. Üstesine, bu ýurduň içinde işsizlik problemasyny güýçlendirýär we korrupsiýanyň gülläp ösmegine amatly ýagdaý döredýär. Sebäbi Nyýazowyň karary bilen 1994-nji ýylda girizilen bu usul gaz söwdasynyň diňe prezidentiň gözegçiliginde bolmagyna we girdejileriň ýaşyrylmagyna getirdi. Gaz ýurduň öz serhedinde satylman, hyrydar ýurda eltilip, satylan ýagdaýynda girdejiler Türkmenistanyň Merkezi bankyna we hyrydar ýurduň banklaryna belli bolýar. Hasaplaşyk aýdyňlaşdyrylýar we korrupsiýa üçin mümkinçilikler aradan aýrylýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň gazy öz serhedinde satmak usuly ýurtdaky işsizlige sebäp bolýar diýdiňiz. Bu meseleleriň arasynda nähili baglanyşyk bar?

Nazar Söýünow: Gaz sowdasy bilen işsizligiň arasyndaky baglanyşyk ýurduň ykdysady gurluşygynyň çig mal serişdeleriniň eksportyna garaşly bolup galýanlygy bilen bagly. Türkmenistanyň gazyny öz serhedinde satmagyny dowam etdirmegi ýurduň ykdysady gurluşygynyň özgermegine päsgel berýär. Eger Türkmenistan gaz söwdasynyň bu usulyndan el çekse, ýurduň halkara bazarlaryna çykmagy we ykdysady gurluşy özgerip, täze iş orunlarynyň döredilmegi üçin dürli mümkinçilikler emele gelerdi.

Türkmenistanyň diňe çig mal öndüriji bolup galmagy, ýurda häzirem zyýan ýetirýär, ozallaram zyýan ýetirýärdi. Bu ýerde ýurduň söwet döwründäki negatiw tejribelerini mysal hökmünde getirip bolar. Sowet Soýuzy boýunça işsizligiň iň agyr ýagdaýy, çig mal çeşmesi bolan Türkmenistan respublikasyndady. 1978-80-nji ýyllarda bu ýerde işsizlik 25%-e ýetýärdi. Elbetde, bu sanlar köpçülige mälim edilmeýärdi.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň gaz söwdasynyň usulyny üýtgetmegi iş ýüzünde nähili takyk netijeleri berip biler?

Nazar Söýünow: Türkmen dowleti üçin gazy hyrydar yurduň özüne eltip satmak näme üçin möhüm? Ilkinji nobatda bu Türkmenistanyň regional we halkara ykdysady sistemalaryna aralaşmagy üçin möhüm. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda biz gazy hyrydar ýurtlara eltip satýardyk. Meselem, türkmen gazynyň Ukrainada satylmagy çig mal çeşmesi bolan türkmen ykdysadyýetine senagat taýdan ösen Ukrainanyň ykdysady mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin mümkinçilik berýärdi. Şu günki gün Türkmenistan öz gaz serişdeleri bilen halkara bazarlaryna, şol sanda Yewropanyň bazarlaryna çykyp bilse, ösen ykdysadyýetlere aralaşyp, dünýäniň innowasion ösen tehnologiýalaryny öz ykdysady hem senagat ösüşi üçin ulanyp bilerdi. Türkmenistanyň ykdysady strukturasy özgererdi. Emma şu çaka çenli ýurduň ykdysady gurluşy çig mal söwdasyna garaşly we birtaraplaýyn bolup galýar.

Azatlyk Radiosy: Siz Türkmenistanyň gazyny serhetde satmak usulyna garşy çykyş edýärsiňiz we hut şu pozisiýaňyzyň, ýagny 1994-nji ýylda bu düzgüniň girizilmegine garşy çykyş etmegiňiziň Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň başyndan çekilmegiňize sebäp bolanlygyny gürrüň berdiňiz. Mälim bolşuna görä, siz gazy serhetde satmak usulynyň kemçilikleri bilen bagly meseläni söňky ýyllarda Türkmenistanyň hökümetine hat arkaly edýän ýüzlenmeleriňizde gozgap gelýärsiňiz. Siz muny näme sebäpden edýärsiňiz?

Nazar Söýünow: Berdimuhamedow prezident bolanda, mende ýurduň özgerip başlajagyna umyt döräpdi. Şol döwürden bäri men türkmen hökümetine ýurduň ykdysadyýetini reformirlemegiň ýollary barada öz tekliplerimi hat arkaly ýollap gelýärin. Bu bir tarapdan ýurduň ykdysadyýetiniň halkara ykdysadyýetlerine we maliýe sistemalaryna aralaşmagy, başga bir tarapdan bolsa, ýurduň gaz söwdasynyň dünýäde ykrar edilen ykdysady düzgünlerine laýyk amala aşyrylmagy üçin ýol görkezer diýip umyt edýärin. Meniň edýän tekliplerim ýurduň gaz söwdasynyň we ondan gelýän girdejileriň aýdyňlaşdyrylmagyna degişli. Sebäbi aýdyňlyk halkara inwestorlary Türkmenistana maýa ýatyrmaga höweslendirer. Men bu barada türkmen hökümetine noýabr aýynda ýollan hatymda hem ýazdym.

Azatlyk Radiosy: Teklipleriňize türkmen ýolbaşçylary tarapyndan gyzyklanma bildirildimi, hatlaryňyza jogap boldumy?

Nazar Söýünow: Ýok, jogap bolmady.

Azatlyk Radiosy: Onda siz näme üçin türkmen hökumetine hat üsti bilen ýüzlenmegi dowam etdirýärsiňiz. Maksadyňyz näme?

Nazar Söýünow: Sebäbi men umytdan düşmeýärin. Men Türkmenistanyň mümkinçiliklerinden habarsyz bolsadym, bu maňa aňsat düşerdi. Emma ýurduň elden berýän mümkinçiliklerine göz ýetirip, rahat oturmak maňa kyn düşýär. Bu meniň öňki wezipämi küýseýänligimi aňlatmaýar. Men hat ýazmak bilen özüme wezipe soramaýaryn. Ýurduma etjek hyzmatymy etdim. Men tekliplerimiň ýurda peýdasy deger diýip, türkmen hökümetine hat ýazýaryn. Yurduň şonça baýlyga eýe bolup, bar bolan ykdysady mümkinçiliklerden peýdalanmaýanlygy meni gynandyrýar. Türkmenistanyň töweregindäki ýurtlar hem ondan tiz ösýär. Muňa Gazagystany mysal görkezmek bolar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan Ýewropanyň energiýa bazaryna çykmak isleýänligini aýdýar we bu ugurdan häzirki wagtda ÝB bilen “Transhazar” gazgeçiriji proýekti barada gepleşik alyp barýar. Emma proýekte entek goşulman gelýär. Nazar Toýlyýewiç, siz türkmen gazyny dünýä bazarlaryna çykarmak boýunça ençeme proýektiň, şol sanda “Transhazar” proýektiniň awtory. Bu proýektiň amala aşyrylmagy näderejede real?

Nazar Söýünow: Men bu proýektiňem awtory, Türkmenistanyň gaz önümçiliginiň 2025-nji ýyla çenli ösüş programmasynyň hem awtory. Türkmenistanda bu proýekti amala aşyrmak üçin geosyýasy gapma-garşylyklardan daşlaşmak üçin hem, Ýewropa gaz akdyrmak üçin hem real mümkinçilikler bar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň gatnaşmagynda “Transhazar” proýektiniň durmuşa geçirilmegine näme päsgel berýär?

Nazar Söýünow: Birinjiden, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň teklip edýän proýektine goşulmagy üçin türkmen tarapy Hazar deňzinde Azerbaýjan bilen serhedine çenli gazgeçirijisini gurmaly. “Transhazar” gazgeçirijisiniň bu bölegini Türkmenistandan başga hiç kim gurup bilmeýär. Ýewropa döwletleri regiona degişli bolmadyk üçünji bir tarap bolup durýarlar. Hazar deňziniň statusy kesgitsiz galýarka olaryň muňa kanun taýdan haky ýok. Başga bir tarapdan Türkmenistanyň häzirki şertlerde-de Ýewropa gaz satmagy üçin ýollar bar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň gaz eksportynyň netijeliligini artdyrmak üçin, gysgaça aýdylanda, siz nähili teklip edip bilersiňiz?

Nazar Söýünow: Professional bilermenleri çekmek zerur. Energiýa serişdeleriniň önümçiligi we eksporty boýunça hünärmenleri çekmek üçin ýörite işçi toparyny döretmeli.
XS
SM
MD
LG