Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň sammitinde ýewronyň geljegi maslahat edilýär


Penşenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň liderleriniň gatnaşmagynda Brýusselde iki günlük sammit açyldy.

Synçylaryň bellemeklerine görä, bu sammit ýewrozonadaky 17 döwletiň bergi krizisi sebäpli çagşamagynyň öňüni almakda möhüm pursat bolup durýar.

Belgiýada geçýän sammitiň bir gün öňünden Germaniýanyň kansleri Angela Merkel we Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi Ýewropa Bileleşiginiň umumy maliýe syýasaty baradaky teklipleri boýunça beýanat ýaýratdylar. Olar agza döwletleriň arasynda býudjet tertip-düzgünini berkitmek we bergi meselesiniň öňüni almak üçin şeýle syýasatyň möhümdigini öňe sürýärler.

Bergi meselesi bilen ýewrozona degişli Gresiýanyň, Irlandiýanyň we Portugaliýanyň kontroldan çykmagy we bu ýagdaýyň Italiýa we Ispaniýa howp abandyrmagy täze syýasaty işläp düzmeklige zerurlyk döretdi.
XS
SM
MD
LG