Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klinton internet azatlygy meselesine ünsi çekýär


Gollandiýada geçirilen halkara konferensiýada eden çykyşynda Klinton ösen tehnologiýalary öndürýän kompaniýalary öz önümleriniň interneti çäklendirmek üçin ulanylmagyna garşy durmaga çagyrdy.
Gollandiýada geçirilen halkara konferensiýada eden çykyşynda Klinton ösen tehnologiýalary öndürýän kompaniýalary öz önümleriniň interneti çäklendirmek üçin ulanylmagyna garşy durmaga çagyrdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton dünýä ýurtlaryna ýüzlenip, interneti çäklendiriji kanunlaryň girizilmeginiň internet azatlygy üçin zyýanly boljakdygyny duýdurdy. Gollandiýada geçirilen halkara konferensiýada eden çykyşynda Klinton ösen tehnologiýalary öndürýän kompaniýalary öz önümleriniň interneti çäklendirmek üçin ulanylmagyna garşy durmaga çagyrdy.


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klintonyň sözlerine görä, hökümetleriň öz raýatlarynyň internetden peýdalanmak mümkinçilikleirni çäklendirmek boýunça edýän synanyşyklary ynsan azatlygyny depeleýär.

Döwlet sekretarynyň kömekçileriniň güwä geçmegine görä, Hillari Klinton öz çykyşynda bu sözleri interneti çäklendirmek boýunça çäreleri girizmek barada Orsýet, Hytaý, Täjigistan we Özbegistan tarapyndan BMG-ä edilen teklipleri göz öňünde tutup aýtdy.

Emma Klinton bu ýurtlary agzaman, olary interneti çäklendirmek arkaly adam hukuklaryny çäklendirýän hereketleri kanunlaşdyrmaga synanyşýan hökümetler diýip atlandyrdy. Klintonyň sözlerine görä, hökümetleriň öz raýatlaryny internet giňişliginden üzňeleşdirmek synanyşyklarynyň aňyrsynda diktatorçylyk endikler ýatyr.

20-den gowrak ýurduň wekilleriniň öňünde eden çykyşynda Klinton ynsan hukuklaryna hem internetde, hem internetden daşary hormat goýulmagynyň kepillendirilmegine çagyrdy. Klintonyň sözlerine görä, raýatlaryň bu hukugy Siriýada, Eýranda we Orsýetde depelenýär. Hillari Klinton bu ugurda şeýle diýdi:

— Siriýada we Eýranda tussag edilen, türmä dykylan, urlup-ýenjilen we hatda öldürilen internet aktiwistleri sanardan köp. Orsýetde bolsa meşhur internet bloggeri Alekseý Nawalnyý saýlawlaryň netijelerine garşy protest çykyşlaryna gatnaşanlygy üçin 15 günlük türme tussaglygyna höküm edildi.

Klinton internetiň azatlygyna bagyşlanan bu çykyşyny Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 6-njy dekabrda Litwanyň paýtagty Wilnýusdaky maslahatyna gatnaşmagynyň yz ýany etdi.

Wilnýusda-da beýleki ençeme yurtlar bilen bilelikde ABŞ kiber giňişliginde azatlygy üpjün etmek boýunça deklarasiýany kabul etmäge çagyrypdy. Bu rezolýusiýanyň kabul edilmegine ÝHHG-niň Orsýet we Belarus ýaly agzalary garşy çykyş etdiler. Bu ýurtlar internete howp hökmünde garaýarlar.

Klinton hususy kompaniýalary internetiň azatlygyny goramaga gatnaşmaga çagyrdy. Onuň sözlerine görä, öňdengörüji kompaniýalar ösen tehnologiýalary pikir azatlygyna basyş edýän ýurtlara satmakdan saklanmaly. Sebäbi olar ösen tehnologiýalaryň şeýle ýurtlarda adamlaryň hak-hukuklaryny depelemek üçin ulanyljakdygyna düşünmeli.

“Facebook”, “Twitter” we beýleki internet tehnologiýalary aktiwistler tarapyndan mundan ozal Siriýanyň, Eýranyň we Liwiýanyň liderlerine garşy protest çärelerini gurnamak üçin ulanylypdy.
XS
SM
MD
LG